Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalow «Türkmen Energy Forum» (TEF) edarasynyň direktory Nazar Atajanow bilen duşuşdy. Bu barada ilçi özüniň jemgyýetçilik tory arkaly habar berdi.
Ilçiniň habar bermegine görä, duşuşykda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk, bilelikdäki halkara sergiler we çäreler, şeýle hem hünär hem-de tejribe alyşmak mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.
Şeýle hem duşuşykda her ýyl geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT) halkara maslahatynyň we sergisiniň ählumumy energetika senagatynda gepleşikleri berkitmek we täze hyzmatdaşlyklary ösdürmek üçin meýdança hökmündäki orny nygtaldy.
«Türkmen Energy Forum» edarasy Türkmenistanda her ýyl geçirilýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly halkara sergisiniň hem-de maslahatynyň guramaçylarynyň biridir.
Türkmenistanyň hem-de dünýäniň iri halkara sergileriniň hatarynda görkezilýän, şeýle hem Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden bäri geçirilmegi asylly däbe öwrülen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly halkara sergisine we maslahatyna Azerbaýjan Respublikasynyň kompaniýalary hem işjeň gatnaşýar.
Hatda üstümizdäki ýylda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT-2026» 31-nji halkara maslahatyna Azerbaýjanyň iri döwlet energetika kompaniýasy bolan “SOCAR” kompaniýasynyň has işjeň gatnaşmagyna garaşylýar.
