DÜNÝÄ

2024-nji ýylda Russiýada prezident saýlawlary geçiriler

Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Federal geňeşiň wekillerine ýüzlenme bilen ýüzlendi. Wladimir Putin şol ýüzlenmesinde 2024-nji ýylda ýurtda geçiriljek prezident saýlawlary barada belläp geçdi.

Rus metbugatyndaky habarlara görä, Wladimir Putin 2024-nji ýyldaky prezident saýlawlarynyň kanunçylyga we demokratik ýörelgelere berk eýermek arkaly geçiriljekdigini mälim etdi.

– Şu ýylyň sentýabr aýyndaky ýurduň häkimiýetiniň ýerli we sebit organlarynyň saýlawlary we 2024-nji ýyldaky prezident saýlawlary kanunçylyga we ähli demokratik konstitusion ýörelgelere berk eýermek arkaly geçiriljekdigine bellemek isleýärin – diýip, Wladimi Putin belledi.

Onuň aýtmagyna görä, saýlawlar – durmuş we ykdysady wezipeleri çözmek üçin hemişe dürli çemeleşmeler bolmagynda galýar.

Related posts

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Natalýa Germana BMG-de täze wezipä berildi

BMG Türkmenistanyň ulag başlangyjyny goldady

Leave a Comment