SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

THY gar ýagyşy sebäpli gatnawlaryny ýatyrdy

“Türk Howaýollary” (THY) awiakompaniýasy Stambulda garaşylýan ýaramaz howa şertleri sebäpli 5-6-njy fewralda jemi 238 reýsiň ýatyrylandygyny habar berdi.

Awiakompaniýanyň metbugat gullugy tarapyndan berlen beýanatda uçar gatnawlarynyň ýatyrylmagynyň Türkiýäniň Meteorologiýa adatdan daşary ýagdaý komitetiniň (MADKOM) kararyna laýyklykda kabul edilendigi bellenilip geçildi.

Şonuň üçin kompaniýa ýolagçylardan uçar gatnawlarynyň ýagdaýy baradaky maglumaty wagtyndan öň yzygiderli öwrenip durmagy maslahat berdi.

Gar ýagyşy sebäpli gatnawlaryň ýatyrylmagynyň dowam etmegi mümkin.

Related posts

Türkmenistan-Türkiýe uçuşlary haçan başlaýar

Ata Watan Eserleri

Sanjym üçin baýrakly utuş: baş baýrak awtoulag

Türkmenistan bilen Russiýa saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment