SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

1-nji iýundan Aşgabat bilen Awazanyň arasynda awtobus gatnawy ýola goýlar

«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 1-nji iýundan başlap, Aşgabat — Awaza — Aşgabat ugurlary boýunça gündelik awtobus gatnawyny ýola goýar.

Awtobus Aşgabatdan irden sagat 06:00-da Çoganly ýaşaýyş toplumynyň çäginde ýerleşýän Halkara awtomenzilden ugraýar: Salgysy: A.Nyýazow şaýoly, 422-nji jaý.

Awazadan Aşgabat şäherine gaýdýan awtobus 13:00-da «Ýelkenli» köçesiniň ugrunda ýerleşýän köp gatly awtoulag duralgasyndan ugraýar.

Bir taraplaýyn petegiň bahasy 75 manat möçberinde kesgitlenýär.

Petekleri kassalardan satyn alyp bilersiňiz!

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 44-35-30; 44-35-20.

Related posts

BMGÖM: insuliniň ilkinji tapgyry Türkmenistana getirildi

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

BMGÖM insulin bilen üpjün etmegini dowam edýär