Şu gün paýtagtymyz Aşgabadyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda dünýäniň 50-ä golaý ýurdundan 800-den gowrak wekiliýet agzalaryny bir ýere jemlän Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF 2026) öz işine başlady. Oňa “Ata Watan Media” topary hem gatnaşdy.
Forum Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Daşary işler ministrligi tarapyndan «Türkmen Kongress» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guraldy. Çäräniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrýar.
Gatnaşyjylaryň arasynda ABŞ-nyň, Türkiýäniň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Ýaponiýanyň, Singapuryň, BAE-niň, Saud Arabystanynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň maýa goýum banklarynyň ham-da daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bar.

Maýa goýum forumy Türkmenistanyň Prezidentiniň oňa gatnaşyjylara iberen Gutlag hatynyň okalmagy bilen başlandy. Gutlag hatyny Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow okady.
Soňra maýa goýum forumynyň umumy mejlisi geçirildi. Ol “Maýa goýum işjeňligi — ykdysadyýetiň depginli we durnukly ösüşiniň esasy şerti” diýlip atlandyrylyp, ony BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik wekili hanym Sýaoszýun Greýs Wan alyp bardy.

Bu plenar mejlisde Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulow, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli maýa goýum agentliginiň ýolbaşçysy Rawşanbek Sabirow, Ermenistanyň ykdysadyýet ministri Geworg Papoýan, Türkiýe Respublikasynyň söwda ministriniň orunbasary Mahmut Gürjan, Eýran Yslam Respublikasynyň ykdysady işler we maliýe ministriniň orunbasary Mahdi Haýdari, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasayr Ahmet Gurbanow, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lýuk Pýer Dewin, Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stiwen Konlon we Halkara Maliýe korporasiýasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory Simon Andrews çykyş etdiler.
Çykyşlarda türkmen ykdysadyýetiniň taslamalary, şol sanda energetika, logistika, gurluşyk, maliýe, innowasiýalar we agrosenagat ugurlary hödürlenilýär.

Çykyşlaryň dowamynda emeli aňy ykdysadyýete ornaşdyrmaga, şeýle hem döwlet-hususy hyzmataşlygyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär.
Gatnaşyjylara döwlet edaralarynyň wekilleri bilen ikiçäk duşuşyklar, taslamalaryň hukuk we maliýe taraplary boýunça amaly maslahat, şeýle hem bilelikdäki resminamalara gol çekilmegi garaşylýar.

TIF 2026 işewürlik gatnaşyklaryny berkitmek we Türkmenistanyň ykdysadyýetine bolan gyzyklanmany takyk maýa goýum taslamalaryna ham-da uzak möhletli hyzmataşlyga öwürmek üçin netijeli halkara meýdança bolmaga gönükdirilendir.
