JEMGYÝET

Gurluşyk we senagat toplumy: ýol we köpri gurluşygy üçin 545 millionlyk maýa goýum

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda gurluşyk we senagat toplumynyň kämilleşdirilmegini nygtady.

«Gurmak we döretmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy şygarydyr» – diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Arkadagly Serdarymyzyň sözlerine görä, innowasion önümçilikleri döretmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça gurluşyk we senagat toplumynda uly işler amala aşyrylýar şeýle hem ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň özgerýän keşbi ykdysady ösüşimiziň aýdyň mysalydyr.

«Biz gurluşyk senagatynyň kuwwatyny artdyrmak, bu ugurda hususy işewürligiň önümçilik binýadyny ösdürmek üçin zerur şertleri döredýäris» – diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda magdan däl gurluşyk materiallaryny, sementi, keramziti, gurluşyk aýnasyny öndürmekde oňyn tejribe toplandy.

«Şu ýylyň ahyryna çenli Türkmenbaşy–Farap we Aşgabat–Daşoguz awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň gurluşygynda 545 million 55 müň manatlyk düýpli maýa goýumlary özleşdiriler» – diýip, Arkadagly Serdarymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiziň pikirine görä, Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasy (UNIDO) bilen hyzmatdaşlykda ýurdumyzda senagatyň aýry-aýry ugurlaryny ösdürmeli.

«Senagat marketingini, halkara bazarlaryna çykmagyň, bäsleşige ukyplylygy ýokarlandyrmagyň, dolandyryş tejribesini kämilleşdirmegiň ugurlaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň bilelikdäki taslamalaryny we maksatnamalaryny işläp taýýarlamaly» – diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Related posts

Türkmenistanda Hasyl toýy uludan tutuldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň ikinji tapgyryndaky taslamalar bilen tanyşdy

Türkmen Lider’den Türkiye’ye Taziye

vepa