Öňräk «Miras» teleýaýlymynda berilýän «Ruhy çyragym» gepleşiginiň bir sanynda köptaraply zehinli halypa Baýram Abdyllaýewiň döredijiligi hem durmuşy barada söhbet edildi. Gepleşigi görüp otyrkam onuň surata düşüren «Kaýda mekan tutduň gardaşym…» atly filmi ýadyma düşdi. Dogrusy, men ol filmi dolulygyna görmedim. Şonda-da filmiň käbir parçalary göz öňümde galypdyr. Ýogsa ol filmi görenime kän ýyl boldy.
Ýigrimi ýyl töweregi mundan öň uruş döwrüniň wakasyndan söz açýan hekaýa ýazdym. Şol hekaýamy redaksiýa eltdim. Ol ýerde-de hekaýamy metbugatda çap ederden gowşak gördüler, ýöne hekaýamy kino işgärlerine okadyp görmegimi maslahat berdiler. Onsoň kinostudiýa bardym. Şonda ol ýerde-de «Baýram Abdyllaýewiň ýanyna baraýyň» diýip salgy berdiler. Şeýlelik bilen bary-ýogy ýekeje gezek Baýram Abdyllaýew bilen ýüzbe-ýüz söhbetdeş bolduk. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Baýram Abdyllaýewi öň ussat kino tankytçy, kino öwreniji, kinodramaturg, kinorežissýor hem teatr sahnasynyň dramaturgy hökmünde gaýybana tanaýardym. Onuň drama eserlerine sahnalaşdyrylan oýunlaryň birnäçesine tomaşa etdim. Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda sahnalaşdyrylan «Goja çynar», «Ýegşerme goja, ýegşerme» atly sahna oýunlaryna, «Berç» atly kino eserine tomaşa edenim ýadymda. Awtor pýesalarynyň her birinde durmuşyň möhüm meselelerini teatr tomaşaçylarynyň dykgatyna hödürleýär. Özem şol meseleleriň çözgüdini tomaşaçy bilen birlikde gözlemäge çalyşýar. Ol özüniň her bir drama eserinde tomaşaça oýlanmaga, ölçermäge, şol meseleleri çözmäge gatnaşmaga ýer goýýar.
Metbugat sahypalarynda yzygider çykyş ederdi. Ençeme oçerkleriň, nowellalaryň, hekaýalaryň, uly göwrümli kyssalaryň, çeper-publisistik oýlanmalaryň, ssenarileridir pýesalaryň şeýle hem sungatyň we edebiýatyň derwaýys meselelerine bagyşlanan kitaplaryň, ylmy makalalaryň awtorydygyndan habarym bardy. Teleýaýlymlardaky çykyşlaryny diňleýärdim. Garaz, onuň uly halypadygyny bilýärdim. Şonda-da öwrenje halyma ýazan hekaýam bilen çekinmän ýanyna baranyma indi oturyp haýran galýan. Jaýy jennet bolsun, bendäniň! Işli bolsa-da, hekaýamy ýanymda okap çykdy. Soňra-da sag eliniň aýasy bilen maňlaýyny tutup biraz oturdy-da:
— Sen Aşyrberdi Kürtüň nämesi? — diýip sorady.
— Doganoglan agasynyň gyzy — diýdim. Uludan dem aldy-da:
— Iki günden jogabyny aýdaryn — diýip, hekaýamy alyp galdy. Geň galdym. Öz-özüm: «Men onuň ýanyna agamyň adyny berip barmadym. Näme üçin ol maňa beýle sowal berdikä? Agam häzir aýatda ýok, özümem entek bu ýaşuly bilen ilkinji gezek gürrüňdeş bolýan. Üstesine-de men bir tanalýan adam däl» diýip pikire batdym. Näme sebäpden iki gün garaş diýmesine düşünmedim.
Sözüne bitin eken. Iki günden ol maňa jaň aýlady.
— Hekaýaňyzyň wakasy ýaly filmi eýýäm surata düşürdik. «Kaýda mekan tutduň, gardaşym…» atly şol filmimiziň gahrymany bilen hekaýaňyzyň gahrymany ykbaldaş eken — diýdi.
Onuň bu jogaby bilen hekaýaly gürrüň galdy, ýöne surata düşüren şol filmi diýseň gyzyklandyrdy. Onsoň şo mahallar filmi bölekleýin gördüm.
Arada Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda başga bir maglumat gözläp gazet-žurnallary gözden geçirip otyrdym. Mirasgär, žurnalist Atamyrat Şagulyýewiň «Edebiýat we sungat» gazetiniň 1995-nji ýylyň 1-nji ýanwar sanynda çap bolan «Gara öý bilen Amerikanyň arasy» atly söhbetdeşligi gabat geldi. Söhbetdeşligiň ýokarsyndaky «Alys ilde dogan bar» diýen ýazgy bada-bat ünsümi çekdi. Derrew okadym hemem geň galdym. Geçen ýyl Atamyrat aga hakynda makala ýazanymda ol bu söhbetdeşlik hakynda hiç zat aýtmandy, belki aýdan bolsa-da üns beren däldirin, ýadymda däl. Ýogsa onuň arhiw ýazgylaryny öwrendim. Şu söhbetdeşlige gabat gelmedim.
Söhbetdeşligiň soňragyna ýetenimde şeýle ýazgy diýseň tolgundyrdy: «Bir zamanlar men doganyma Gökdepeden Amerika 2 kilo toprak getirtdim. Şonda oglum Artyga men öläýsem şu topragyň üstünde ýatyryp, ýüzümi Käbä däl-de, Türkmenistana, Gökdepe galasyna bakdyryp gömüň. Başujuma hem «Türkmen ogly Kürre Berdimyrat, Watanyny görmän ölüp gitdi» diýip ýazyň diýdim». Watandaşymyz Gurt aganyň bu sözlerini okap gözýaşymy saklap bilmedim. Ýüzümi aşak salyp gözýaşymy gizläp agladym. Söhbetdeşlikdäki uly suraty synlap esli wagt oýlanyp oturdym. Ol Baýram Abdyllaýewiň «Kaýda mekan tutduň gardaşym…» atly filmindäki ýaşuly Gurt aganyň suratydygy göz öňüme geldi. Sebäbi onuň filmdäki dutar çalyp oturan keşbi göz öňümde müdimilik galdy. Saz çalyp oturan ýaşulynyň her kakuwyndan göz ýaş syrygyp duran ýaly täsir edipdi. Ýatlanymda ýüregim elenýär. Öz ýanymdan: «Şeýle agyr ykbally gahrymanlar hakynda film surata düşürmek ýeňil iş däl. Eger ol aramyzda gezip ýörkä bu söhbetdeşligi okan bolsam, onda men onuň özi bilen gürrüňdeş bolup filmi surata düşürişi baradaky gürrüňlerini diňlärdim. Indi giç. Sebäbi Baýram aga 2013-nji ýylyň 20-nji dekabrynda 78 ýaşynda bakyýete göç etdi. Onsoň onuň bu filmi hakynda tomaşaçylar nähili pikirdekäler. Öz döwründe bu film tomaşaçylar tarapyndan nähili garşylandyka? — diýen pikir kelläme geldi. Iki-üç gün kitaphana gatnadym. Filmiň surata düşürilen wagtlaryndaky esasy gazetleri gözden geçirdim. Ahyry gerekli maglumatymy tapdym. «Ýaş kommunist» gazetiniň 1992-nji ýylyň 27-nji awgust sanynda şol filme žurnalistler tarapyndan ýazylan synlar bar eken. Ilki bilen merhum ýazyjymyz Ogulsenem Taňňyýewanyň «Uzakdaky gardaşlar» atly makalasyndan: «Filme tomaşa edip çykanymyzda (bu ýerde men endik boýunça (tomaşa etdim) diýen sözi ulansam-da, biz ol filme tomaşa etmedik. Biz ony gözümizi ýaşlap, hat-da sessiz aglap synladyk. Megerem şol wagt gözleriniň alnyny ümezletmedikler bolmadyk bolsa gerek.) Meniň demim tutulan ýaly boldy. Hawa ol film şeýle film. Gerek film. Bir mahal ile ýetirilmeli film. Baýram Abdyllaýew şeýle filmi döredip sogap iş edipdir. Ol filmi görenime ençe wagt geçendigine seretmezden, ýetmiş ýaşy arka atan adamyň aglap duran keşbi göz öňümden aýrylanok. Ol özüne erk edip bilmän, aglajagyny duýan wagty oturan ýerinden turup, çete gidýär. Ýüzüni, özüni kameradan gizlemäge, aglaýanyny duýdurmazlyga çalyşýar. Ýöne kamera onuň yzyna düşýär. Ol kameranyň öňünden näçe gaçsa-da, kamera ony asla sypdyrmaýar. Ähli pursady surata düşüripdir.
Erkek adam aňsat-aňsat aglamaýar. Eger ol aglan bolsa, diýmek, bu ýerde agy üçin juda uly zat bardyr.
Elli ýyl! Bu sany aýtmak dilde aňsat. Ony ýaşap arka atjak bolup bir gör! Onda-da öz iliňi, dogduk obaňy, ejeňi-kakaňy, doganlaryňy, ýanýoldaşyňy, eziz perzendiňi görmegi gadagan edilip durkalar, şonça mähribanlarymyz ýat ýurtlarda, ýat illerde elli ýyl ýaşajak bolup bir gör! Soňky ýoluna ugrajak wagty ejeň-kakaň ýanynda bolup bilmeseň! Gynansakda olaryň — Berdimyradowlaryň ykbalyna şeýle ýazgyt ýazylypdyr.
Beýik Watançylyk urşunda doganlar Berdimyradowlar aňry tarapa gaçyp geçmändirler. Ýesir düşüpdirler. Bu hakda filmde Gurt Berdimyradowyň özi gürrüň berýär. Duşmana ýesir düşen adam hakda — jan alnyp, jan berilýän ýowuz uruş mahaly ýat ellerde, ýat illere düşen gögele ýigitler — heniz aga-gara göz ýetirip bilmeýän ýaş ýigitler hakda bu günki gün kondisionerli jaýda ýaglyja palowdan doýup, gök çaýdan derçiräp otyrkak pakgyldamak, olaryň ykbalyna baha kesmek adalatlylyk bolarmyka? Biz olaryň ykbaly hakda gürrüň edenimizde şol ýagdaýa, ýowuz döwrüň gözi bilen baha kesip geplesek ýerine düşer.Ýesir düşüp, yzyna gelenleri — munda atypdyrlar, basypdyrlar. Basylanlar Sibiriň sowuk aýazlarynda doňup ölüpdirler. Ýesir düşüp onda galanlary konslagerlerde çüýredipdirler… Haýsy tarapdaky ykbaly saýlamaly?! Olaryň haýsy bähbitli?! Uruş döwrüniň ýowuzlyklary…Şol ýowuzlyklara gögelekä, heniz murty tabamadyk ýigitlerkä surlen gerçekleri näme üçindir meniň-ä günäläsim gelenok».
Soňra žurnalist, aktýor Ýusup Kulyýewiň «Müsürde şa bolandan…» atly makalasyndan käbir parçany göçürip aldym:
«…Biz urşa gidenimizde ýaňy 18-19 ýaşlarymyzdadyk. Urşuň ilkinji günlerinde biziň goşunymyz yza çekilmeli boldy. Biz uruş oduna ilki girenimizde elimiz bäşatarly tanka garşy durýardyk. Häzir ruslaryň «Soldat hakynda ballada» diýen çeper filmini görenimde ýaş soldat Alýoşa Skworsowyň nemes tanklaryny görüp, ondan gaçyp ýörşi edil öz ykbalymy ýada salýar. Urşuň başynda birlän-ikilän däl-de, eýsem diwiziýa bolup generallary bilen ýesirlige düşülýärdi. Biz ýesirlikde bolsagam öz Watanymyza dönüklik eden däldiris» diýip, doganlaryň kiçisi, hukuk ylymlarynyň doktory, Kolumb uniwersitetiniň professory Amanmyrat Berdimyradow ýatlaýar. Dogrudanda, şol ýyllarda bizde ýesirlige düşmek dönüklik diýlip hasap edilýärdi. Bir akyldaryň belleýşi ýaly: «Uruş bolan ýerde hökman ýesirem bolýandyr. Ýöne olary azat etmek iki serdaryňam hudaýyň öňündäki borjudyr».
Indi filmiň çeperçiligi barada. Bu film ýalňyşmasam «Türkmenfilm» kinostudiýasynda ilkinji döredilen iri göwrümli çeper-publisistik filmleriň biri. Onuň awtorlary dokumental materiallaryň üstüne çeper epizodlary girizmek bilen filmiň täsirliligini artdyrypdyrlar. Film diňe Türkmenistanda däl, eýsem ABŞ-nyň NÝU-ÝORK şäherinde hem surata düşürilipdir. Awtorlar filmde esasy ynsanlyk mertebäniň ýokary derejesini açyp görkezipdirler. Filmiň soňky kadrlarynda Berdimyradowlaryň ulusy Gurt ata-babalarymyzyň dana sözüni ýatlaýar: «Müsürde şa bolandan, öz ýurduňda geda bol».
Dogrudanda, Amerika ýaly baý döwletde gurply ýaşap ýören adamyň dagy etekläp duran çägeli ýurduny ýatlap akdyran gözýaşy olar hakda aýdylan ýalan töhmetleriň jogabymyka diýýärin» diýip, awtor filmi döredenlere minnetdarlyk bildirýär.
Filme başga-da žurnalistler syn ýazypdyrlar. Ýazgylary okap Baýram Abdyllaýewiň döredijiligi hakynda ýatlama ýazmaga girişdim. Pikirim şol filmden çykyp bilenok. Baýram aganyň ýat illerde Watan zaryny, dogan-garyndaşlarynyň zaryny çekip ýaşap ýören watandaşlarymyz bilen söhbetdeş bolup, olaryň ykballary hakynda aýdýan gürrüňlerini diňläp oturan pursadyndaky gözi ýaşly keşbi göz öňüme geldi. Onsoň öz ýanymdan: «Şeýle düýpli temalardan film surata düşürmek üçin gaty uly başarnyk, tejribe gerek. Onsoňam şular ýaly temalara köplenç şeýle ykballary öz başyndan geçiren adamlar ýüzlenýärler. Belkäm, Baýram aganyň öz durmuşynda-da şeýle ykballar gabat gelendir? — diýip, onuň terjimehaly bilen gyzyklandym. «Sowet edebiýaty žurnalynyň 1985-nji ýylyň 12-nji sanynda Öwezdurdy Nepesowyň «Zehinli ýazyjy» (Baýram Abdyllaýew 50 ýaşady) atly makalasynda ussat kinorežissýoryň terjimehaly barada: «Baýram Abdyllaýew 1935-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Kaka raýonynyň Lenin adyndaky kolhozynda doglan. Ol ilki Aşgabat şäherindäki 20-nji orta mekdepde okaýar. Soňra M. Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlaýar. Soň Moskwanyň sungaty öwreniş institutynyň aspiranty bolýar. 1968-nji ýylda-da Kiýew şäherinde Ukrainanyň Ylymlar akademiýasynda «Türkmen ýazyjylarynyň edebi eserlerini ekranlaşdyrmak» diýen temadan jemgyýetçilik öňünde dissertasiýa gorap, «Sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty» diýen alymlyk derejesini alýar» diýip maglumat berilýär. Terjimehalyna ser salsaň onuň çagalyk ýyllarynyň ýeňil geçmändigine göz ýetirip bolýar. Sebäbi onuň çagalygy, ýaşlygy uruş hem 1948-nji ýylyň ýer yranmasy döwrüniň agyr günlerine gabat gelýär. Ýöne onuň gyzy Hatyja bilen gürrüňdeş bolanymda ol atasynyň 37-nji ýylyň tutha-tutlugynda 20 ýyllap sürgünde bolup gelendigini aýtdy: «Atam sekizinji synpdakam ýogaldy. Enem-atama kömek bermek üçin öýlerine barardym. Şonda atam özüniň sürgündekä gören kynçylyklary hakynda gürrüň bererdi. Ejem-kakam, enem-atam ähli gowy häsiýetleri özümizde jemlemegi öwredip terbiýeledi. Biz maşgalamyzda iki gyz, bir oglan dogan. Ejem-kakam bir-birine sylagly bolup, bize söýgi bilen ýaşamagyň nusgasyny öwretdiler» diýip gürrüň berdi. Onsoň Baýram aga hakynda ýazylan makalalary gözledim. «Edebiýat we sungat» gazetiniň 1985-nji ýylyň 20-nji dekabrynda SSSR kinematografiýaçylar soýuzynyň agzasy Seýitnyýaz Ataýewiň «Döredijilik joşguny» atly makalasy bar. Şol makaladaky bir gürrüň has täsir etdi. Geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynyň başynda Baýram Abdyllaýewi Türkmenistan Ylymlar akademiýasy Moskwa ylmy iş saparyna iberýär. Ol bir ýyldan soň dolanyp gelýär. Gelensoň ondan:
— Sen şu üç ýüz altmyş bäş günüň dowamynda näme işlediň? — diýip soraýarlar. Ol her günde bir kino görendigini aýdýar. Oturanlar gülşüp:
— Sen onda diňe kino görüp wagtyňy geçiräýipsiň» diýen ýaly jogap berýärler. Makalada awtor «Emma onuň şol ýerde nähili filmleri görendigini, filmleri nähili görendigini, olar hakynda nähili pikirleri eşidendigini, okandygyny, nähili spesialistler bilen duşuşandygyny, şol filmler Baýram Abdyllaýewiň geljekki alym bolup kämilleşmeginde nähili rol oýnandygyny şol ýygnanyşyga gatnaşanlar bilen bolsadylar…» diýip pikirini aýdýar hemem «…Onuň ýudumyzyň ýazyjylarynyň edebi eserleriniň ekranlaşdyrylyşy meselesini ylmy derňew işiniň obýekti edip almagy ýöne ýere däldir. Baýram Abdyllaýew Türkmenistanda ilkinji bolup, kino sungatyndan alymlyk derejesini aldy. Doktorlyk dissertasiýasyny taýyn etdi» diýip baha berýär.
Baýram Abdyllaýewiň Türkmen döwlet medeniýet institutynda mugallym bolup işländigini bilýän. Onuň şägirtleriniň biri Ýagmyr Türşekowyň halypasy hakynda metbugatda çap bolan ýatlamalaryny okapdym. Birden onuň bir ýatlamasynda aýdan pursady ýadyma düşdi:
«…«Adam bu dünýeden ötensoň, şu durmuşa öz häsiýetine görä haýwan sypatynda gaýdyp gelýärmiş» — diýen bir gürrüň bar. 2016-njy ýylyň ýaz aýlarynda döredijilik toparymyz bilen Lebap welaýatyna iş saparyna gidipdim. Ýol ugry Kaka etrabynyň Mehinli obasynda ýerleşýän gonamçylyga sowuldyk. Halypany topraga tabşyran ýerimize aýat-töwir etmäge bardyk. Niredendir bir ýerden türkmeniň wepadar dosty bolan Alabaý peýda boldy. Biziň toparymyzda ýigrimi töwerek adam bardy. Ap-ak reňkdäki Alabaý göni gabadyma gelip, gözlerime seredip oturdy. Bu ahwalata geň galdym. Garaşylmadyk ýerden gelip, Alabaýyň meniň bilen pete-pet oturmasy täsindi. Biziň nazarymyz birek-birekde eglendi. «Meni ýatdan çykarmansyň! Seniň şol öňki bolşuň. Geläýdiňmi?!» — diýýän ýaly manyly garaýyş bilen bir salym gözüme seredip oturdy. Soňra men Alabaýa iýer-içer ýaly zat uzatdym. Ol bolsa şol gözüme seretdi durdy. Onsoň biz onuň bilen hoşlaşyp, şol ýerden ugradyk. Alabaý biziň yzymyzdan gözlerini aýyrman seredip durdy.
Belki, ol Alabaý adaty bir gezip ýören itdir emma, şonça adamyň içinden hut meniň gabadymda, gözümiň içine seredip oturmasy kalbymda üýtgeşik düşündirip bolmajak duýgulary oýarypdy».
Ynha, şu täsin pursat hakynda oýlanyp oturşyma Ýagmyr Türşekowa jaň aýladym. Halypasy baradaky ýatlamalaryny gürrüň bermegini haýyş etdim. Ol maňa halypasy barada ýazan ýatlamalarynyň elektron ýazgysyny berdi. Şol ýazgylardan käbir bölekleri okyjylara ýetiresim geldi:

«… Halypam Baýram Abdyllaýew bilen her bir zatda ýüze çykýan mesele bolsa maslahatlaşýardym. Bir gezek onuň bilen gürrüňdeş bolanymda:
— Jaýymyň üçeginden damýan ýagyş damjalaryna gap-gaçlary goýup soňuna çykyp bilmezdim. Iş stolumy damjalardan sowup, ýazýan eserimi dowam edip, daňa çenli tebigatyň gutarnyksyz hüjümi bilen darkaş gurardym. Gyzym bäbejikdi, goýup gidere adam ýokdy. Biz onuň daşyndan gulplap, gelnejeňi welosipediň öňüne mündürip, okuwa gatnadardym, özüm bolsa işe giderdim. Yzymyzda çagamyzy alada edip, nirämize okap, nirämize işleýändigimizi bilmezdik. Emma welin okamalydy, işlemelidi. Ynha, Hatyjany biz şeýdip ulaltdyk. Indi bolsa hormatly Prezidentimiziň Medeniýet şäherçesinde gurduryp beren, ähli amatlyklary bolan jaýda ýaşap ýörüs — diýip gürrüň berdi.
Ol:
— Men eserlerimi edil öz çagalarym ýaly görýärin» — diýerdi. Bir gezek oňa Kawkazyň sahnasynda sahnalaşdyrylan «Sallahlar» atly eserinden ýygnanan galam hakyny ýollapdyrlar. Welosipetli işe gatnap ýören ýaş ýazyjy bu galam hakyna awtoulag satyn alynýar.
Halypamyň bitiren işleri boýunça ilki bilen onuň bäş sany ylmy kitaplaryny şeýle-de gatnaşyk saklan döwürlerimde ondan öwrenip ýetişenlerimi kagyza geçirip, ýaş alymlaryň arasynda geçirilen bäsleşige gatnaşyp, birinji orny eýelemegimi halypamyň maňa bildiren ynamyny ödemäge eden yhlasym hasaplaýan. Gynandyrýan ýeri Baýram aga bütin ömrüni sarp edip, çuňňur öwrenen «Edebiýatyň kino sungatynda şöhlelendirilişi» atly taýýarjak doktorlyk işini gorap ýetişmedi.
Halypam uly bilen uly ýaly, kiçi bilenem kiçi ýalydy. Özem şeýlebir sadady hem ýiti synçydy, gaty syrdam, ykjam geýinmegi gowy görerdi. Edil ýaş ýigit ýaly üst-başyna üns bererdi. Eşiklerini bolsa diňe özüniň ütükleýändigini aýdardy. Çagalary: «Kaka getir özüm ütükläýin» — diýselerem bermeýän eken. Bu barada ol:
— Men daň atmanka oýanyp, irki maşklarymy ýerine ýetirýärin. Soňra bolsa ýazjak zatlarymy kellämde aýlap, ütüge güýmenýärin. Ol maňa nähilidir bir ýardam berýär. Şonuň üçin ütük meselesinde hiç kime eşik ütükledemok. Bu diýdigim olaryň iş oňarmaýanlygy däl — diýerdi.
Durmuş hem zähmet ýolumda başga halypalardanam öwrenen zatlarym az däl, ýöne şu derejelere ýetmegimde iň ýakyn halypam Baýram Abdyllaýew. Ol meniň ähli tarapdan kämillik ýolumda uly mekdep boldy.
Biziň kafedramyz Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň binasynyň dördünji gatynda ýerleşerdi. Halypam işe hemmelerden öň gelerdi. Hemişe sapaga baran wagtym, däliziň ugrunda «Şükür bagşy» filminde Şüküriň keşbini janlandyran Aman Handurdyýewiň çalmagynda «Ýandym» sazyny diňläp oturardy. Saz uzak dowam ederdi. Tä tamam bolýança garaşyp durardym. Sazy bölseň welin halamazdy. Bu endik halypa ikimiziň aramyzda her gün gaýtalanýardy. Ol şonda:
— Men bu sazy diňlänimde, kalbym lerzana gelýär. Içimde gopýan harasatlary basmarlaýan. Döredijilik meselesinde welin, kellämde dörän pikirlerimi ýerbe-ýer saýpallamaga ýardam berýär — diýip, bu halk sazyny özüne ýaran edip ýaşaýandygyny aýdardy. Bu film barada aýdan şu ýatlamasy ýadymda:
— «Ýandym» filmini çölüň jümmüşinde, çopan goşunda, gyşyň aňzagynda surata düşürýärdik. Sowukdan ýaňa awtoulaglaryň ýangyçlary doňýardy. Döredijilik toparymyz bolup gije ak öýde ýatanymyzda, sowukdan ýaňa gagşap çykýardyk. «Kino» diýip bolup ýörşümi, ýat-da ýylyjak ýerde çagajyklaryň arasynda» diýip, öz-özümi kötekleýärdim.
Film taýýar boldy. Yzyny üzmän, dünýäniň on dört döwletinde geçirilen kinofestiwallara gatnaşyp, baýrakly orunlara eýe bolup başladyk. Soçide geçirilen «Kinotawr» atly abraýly kinofestiwalda «Ýandym» atly çeper filmimize baş baýrak berildi. Munuň bilenem çäklenmän, eminleriň adyndan «Kinofestiwalda iň gowy döredilen kino eseri» diýip, ikinji abraýly baýragyň-da gowşurylmagy, kino sungatymyzyň uly üstünliginden habar berýärdi» diýipdi.
Dünýä kino tankytçylary «Ýandym» filminiň režissýorlarynyň pikir ýöredişini Parajanow, Federiko Fellini, Akiro Kurosawa ýaly meşhur režissýorlar bilen deňeşdiripdirler.
Baýram aga maňa hemişe halal ýaşamagy ündeýärdi:
— Ýagmyr, ine, şu oturan köneje oturgyjymy görýäňmi? Men şunuň üstünde özümi edil ertekilerdäki ýaly, köşgi-eýwanda tagtyň üstünde oturan ýaly duýýaryn. Sebäp diýseň, muny öz halal derimi döküp aldym. Şunda özümi şeýle bir rahat duýýan, ähli eserlerimiň döremegine-de şu şaýat bolandyr» diýip gürrüň beripdi.
2012-nji ýylda Türkmen döwlet medeniýet institutynda mugallym bolup işläp ýördüm. Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde «Gumly gelniň aýdymy» atly çeper filmiň edebi eseri kabul edilip, önümçilige goýberiljek bolup duran eken. Halypam meni şol filmiň goýujy režissýory edip bellemekligi teklip edipdir. Çeperçilik geňeşi: «Özbaşdak film ynanardan entek ir bolýar» diýip ylalaşmandyr. Şunlukda, meni filme ikinji režissýor edip bellediler. Goýujy režissýor Şirli Mollaýewdi.
2008-nji ýylda «Berç» atly iki bölümden ybarat çeper filmde Şirli ikinji režissýor, men bolsa režissýoryň kömekçisi wezipesinde, kinoda ilkinji gezek surata düşüriliş pursatlaryna gatnaşyp, gözüm açylypdy. Şondan soň onuň bilen agzybirlikde işledik. Filmde birnäçe sahnany edebi esasda ýoklugyna garamazdan teklip edipdim. Halypalar meniň pikirimi oňlap, filme goşdular. Film şowly çykdy. Baýram aganyň bizden garaşan tamasy çykyp, hoşallygyny aýdypdy. Bolsa-da, eseri görüp ýetişdi. Emma Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolandygyny, şeýle-de, Hytaý Halk Respublikasynda geçirilen gysga göwrümli çeper filmleriň kinofestiwalyna gatnaşyp, bu filmiň baýrakly orna eýe bolup gelendigini welin, görüp ýetişmedi.
Soňky ýyllarda döreden filmlerinde Baýram aga meni ýanyna ikinji režissýor edip, işe alardy. Elimde barymy edip, ynamyny ödemäge çalşardym. Montaž döwri bileje kebşirleýiş işlerini ýerine ýetirerdik. Käbir ýerinde göwnüme laýyk görmesem:
— Şu ýerini şeýleräk edäýsek nähili? — diýip, pikirimi aýtsam begenerdi.
— Sen dogry aýdýaň. Dogrudan-da, şeýtsek gowy boljak — diýip ylalaşardy. Halypam bilen ilkinji gezek 2005-nji ýylda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Teatr sungaty» fakultetiniň «Kino we teleradio sungatlary» kafedrasynyň «Kinorežissurasy» hünäri boýunça okuwa girenimde ýüzbe-ýüz bolupdym.
1968-nji ýylda onuň «Türkmen ýazyjylarynyň edebi eserlerini ekranlaşdyrmak» atly ylmy işi «Ylym» neşirýatynda aýratyn kitap bolup çapdan çykýar. Şol ýylda onuň ilkinji hekaýasy «Sowet edebiýaty» (häzirki «Garagum») žurnalynda çap edilýär. Onsoň ol teatr dramaturgiýasynda güýjüni synap görýär. Onuň ilkinji ýazan «Durnalar» pýesasy şol döwürde Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda sahnalaşdyrylýar we birnäçe ýyllaryň dowamynda sahnadan düşmeýär. Baýram Abdyllaýew üçin dramaturgiýa žanry oňa uly mekdep bolýar. Ol bu barada: «Men döredijiligimiň bütin dowamynda dürli žanrda eser döretdim. Şeýle hem sungatyň hem edebiýatyň derwaýys meselelerine bagyşlanan kitaplar, ylmy makalalar ýazdym. Kino sungatynda režissura bilen-de meşgul boldum. Ýöne meniň üçin sungatyň iň ýakyn žanry dramaturgiýadyr. Dramaturgiýa sungatyň iň kyn, çylşyrymly görnüşi bolsa-da, men bu žanrda eser ýazanymda özümi iňňän erkin duýýaryn. Kyrk ýylyň dowamynda men bary-ýogy 13 pýesa ýazdym. Olaryň hemmesi teatrlaryň sahnalarynda goýuldy. Meniň pýesalarym esasynda sahnalaşdyrylýan oýunlaryň çeperçilik derejesi hakynda aýratyn söhbedi guramak bolar. Sebäbi döredijilik ykbalyny dramaturgiýa žanry bilen badaşdyrýan adamyň esasy maksady özüniň ýazan pýesalarynyň teatrlaryň sahnasynda goýulmagy däldir. Pýesalar teatryň döredijilik topary tarapyndan dogry okalypmy? Režissýor pýesanyň sahna çözgüdini tapyp bilipmi? Umuman alanyňda, pýesa sahna çykyp, täze çeperçilik-estetiki öwüşgine eýe bolupmy? Şeýle sowallara her sapar jogap gözlenende, ýeke bir men däl, teatr üçin ýazýan her bir dramaturgda gapma-garşylykly duýgularyň döreýänligi tebigydyr…» diýýär.
Baýram Abdyllaýewiň «Sallahlar» pýesasy diňe bir Türkmenistanda däl-de, eýsem Russiýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Demirgazyk Kawkazyň teatrlarynda sahnalaşdyrylýar. Pýesanyň ýazylanyna 40 ýyla golaý wagt bolan bolsa-da ol häzirem sahnadan düşenok. Köp ýyllar Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň sahnasynda görkezilýär. Häzir bu pýesa Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda uly üstünlik bilen tomaşaçylara ýetirilýär.
Baýram aga Lora Stepanskaýa bilen 35 ýyl bilelikde filmleri döredip gelipdiler. Kino sungatynda onuň bilen surata düşüren «Ýandym» atly çeper filminden başga-da olaryň «Kaýda mekan tutduň, gardaşym?» atly filmi «Kümüş ýarym aý» Halkara kinofestiwalynda ilkinji baýraga mynasyp bolýar. «Çarhy-pelek» atly çeper-publisistik filmi Aşgabatda geçirilen Halkara kinofestiwalynda Gran pri baýragynyna mynasyp bolýar.
Ol türkmen kino sungatynda uly yz galdyran ussatlar Alty Garlyýew, Sahy Jepbarow, Kerim Gurbannepesow, Baba Annanow, Aman Gulmämmedow, Bazar Amanow, Sona Myradowa, Ata Durdyýew we başgalar hakynda edebi esaslar ýazyp, filmleri surata düşürdi. Baýram Abdyllaýew kino sungatyny öwrenmäge girişende, türkmen kinosy hakynda gürrüň berýän ýekeje kitap bardy. Olam birnäçe adam tarapyndan ýazylandy. Emma soňky döwürde Baýram Abdyllaýewiň özi kino sungatyny ylmy nazardan derňeýän bäş kitap ýazyp, olary çap etdirdi. Türkmen kinosynda onuň edebi esaslary esasynda 20-ä golaý dokumental film surata düşürildi. Şeýle hem onuň ýazan çeper edebi esaslary esasynda «Kemine», «Ýigit mydama ýigitdir», «Bolan-goýan zat ýok», «Gün yzyna gün», «Grossmeýster» ýaly doly metražly çeper filmler-de surata düşürildi. Ol Lora Stepanskaýa bilen bilelikde «Ata hem ogul», «Burkut baba», «Burkut babanyň yhlasy», «Berç» atly iki bölümli çeper filmleri, «Jöwher zehinler», «Kysmat», «Uzaga çeken aýralyk» atly çeper-publisistik filmleri surata düşürdi.
«Edebiýat we sungat» gazetiniň 1978-nji ýylyň 30-njy awgustyndaky sanynda onuň kärdeşi Hojaguly Narlyýew bilen taýýarlan «Çaý başyndaky söhbetdeşliginde» kino sungatymyzyň meseleleri hakynda pikir alyşýarlar. Şonda Baýram aganyň «…Meniň pikirimçe şahyranalyk ündelýän pikiriň çuňlugy şol pikiriň tebigaty bilen baglanyşykly bolmalydyr. Režissýor bilen operator kamerany kinematografiýa sungatynyň baý döredijilik hem tehniki mümkinçilikleriniň çäginde näçe «oýnatsalaram» şolaryň meýilleriniň aňyrsynda çuňňur filosofiki pikir, obrazlylyk ýatmasa, şahyranalyk barada söz açyp bolmazmyka diýýän» diýen sözleri onuň kino sungaty bilen bagly pikir alyşlyklarda öz pikirini anyk hem gönümel aýdýan tankytçydygyna göz ýetirip bolýar. Umuman aýdanyňda Baýram Abdyllaýew ömrüni sungata bagyşlan halypalaryň biri. Onuň halkymyzyň öňünde bitiren uly hyzmaty nazara alnyp 2016-njy ýylda merhum sungat ussatlarymyzyň birnäçesi bilen birlikde Baýram Abdyllaýewem hatyralanyp, «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandy.
Akgül Saparowa.
