SPORT

Rafael Leau “Galatasaraý” futbol klubyna geçdi

Portugaliýaly futbolçy Rafael Leau Türkiýäniň “Galatasaraý” futbol kluby bilen şertnama baglaşdy. Bu barada klubyň metbugat gullugy habar berýär.

Oýunçy bilen ylalaşyk dört ýyl möhlete niýetlenendir. Futbolçynyň bonuslar we goşmaça tölegler göz öňünde tutulmazdan, her möwsümde 10 mln ýewro gazanjakdygy bellenilýär. Ozal Leau Italiýanyň “Milan” klubynda çykyş etdi, klub 38 mln ýewro hem-de futbolçynyň indiki satylmagyndan elde ediljek peýdanyň 20%-ini alar.

Leau 27 ýaşynda, ol 2019-njy ýyldan bäri “Milanda” çykyş edip, toparyň düzüminde Italiýanyň çempiony boldy. Portugaliýanyň milli ýygyndysy bilen birlikde oýunçy 2025-nji ýylda Milletler ligasynyň ýeňijisi boldy.

Related posts

Neýmar Messiniň ýanyna gitmekçi

27-nji iýulda Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň bijeleri çekiler

Ata Watan Eserleri

Kristiano Ronaldo Özbegistana gelmedi