JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasyny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa we ýurduň ähli halkyna Gyrgyz Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Gyrgyz Respublikasy Garaşsyzlyk ýyllarynda syýasy, durmuş-ykdysady ulgamlarda möhüm üstünlikleri gazandy hem-de häzirki wagtda dürli ugurlarda okgunly öňe gitmegini dowam etdirýär. Hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň häzirki döwürde has depginli hem-de yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellemek isleýärin” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belledi hem-de iki halkyň bähbidine gönükdirilen ýakyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldiljekdigine berk ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Sadyr Žaparowa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Gyrgyz Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Related posts

Oguljahan Atabaýewa Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

TAPİ Boru Hattı Projesi – Enerji dünyasının önemli projesi

vepa

Ejeme

vepa