JEMGYÝET

Malaýziýanyň daşary işler ministri Türkmenistana gelýär

Malaýziýanyň daşary işler ministri Mohamad bin haji Hasan 9-10-njy sentýabr aralygynda Türkmenistanda resmi saparda bolar. Bu barada Malaýziýanyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Malaýziýanyň daşary işler ministri saparynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşyp, Türkmenistanyň Prezidentine Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň 2024-nji ýylyň dekabrynda Malaýziýa resmi sapar bilen barmak boýunça resmi çakylygyny gowşurar.

Şeýle hem Malaýziýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy göz öňünde tutulyp, onda ykdysady, ylym-bilim, syýahatçylyk we tehniki hyzmatdaşlyk ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.

Bu saparyň öňýanynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde iki ýurduň arasynda 5-nji ikitaraplaýyn geňeşmeler geçiriler.

Türkmenistan bilen Malaýziýa iri söwda hyzmatdaşlarydyr. Malaýziýanyň meşhur “Petronas” kompaniýasy köp ýyllardan bäri Türkmenistanyň bazarynda üstünlikli iş alyp barýar.

Ýene-de okaň

Mukamlar köşgünde 2026-njy ýylda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis geçirildi

Fransiýanyň ýygyndysy dünýä çempionatlarynda 150 gol geçiren 4-nji topar boldy

Daşoguzda pagta egriji fabriginde täze önümçilik desgasy açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy