JEMGYÝET

Türkmenistan Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi 19-njy ministrler duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Lýuksemburg döwletinde geçirilen Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi 19-njy ministrler duşuşygyna gatnaşdy.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk boýunça ýokary komissary Žozep Borreliň we Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlygy boýunça komissary Ýutat Urpulaýnenniň başlyklyk etmeginde Merkezi Aziýanyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň düzümine girýän 27 döwletiň daşary işler ministrleriniň duşuşygy boldy.

“5+27” formatynda şeýle duşuşyk ilkinji gezek geçirilýär. Bu duşuşygyň jemleri boýunça Ýewropa Bileleşigi we Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin bilelikdäki “Ýol kartasy” kabul edildi. Bu resminama Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa sebitiň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny dürli ugurlar boýunça ösdürmäge gönükdirilendir.

Şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag infrastrukturasyny Trans-Ýewropa Ulag ulgamyna (TEN-T) ýakynlaşdyrmak, möhüm çig maly ösdürmek, sebitdäki ýaşyl taslamalary maliýeleşdirmek, şeýle hem fitosanitar, weterinariýa çäreleri we ş.m. özünde jemleýär.

Şeýle hem duşuşygyň jemleri boýunça Ýewropa Bileleşigine agza döwletleriň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri bilelikdäki beýanaty kabul edip, onda sebitleriň arasynda strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge taraplaryň ygrarlydygy tassyklandy.

Şeýle hem duşuşykda suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, sebitiň howpsuzlygy we durnukly ösüşi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Döwletjan Ýagşymyradow 31-nji iýulda nobatdaky tutluşygyna çykar

Malaýziýanyň Premýer-ministri Tatarystandan soňra Türkmenistana geler

Türkmen ýaşlary üçin Hytaýa okuwa kabul edişlik başlady

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana sapary meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri