JEMGYÝET

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Antoniu Guterrişi gutladylar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe BMG-niň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň bu iri halkara düzüm bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet bermek bilen, sebitde we dünýäde parahatçylygy, ösüşi üpjün etmek üçin hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu mümkinçilikden peýdalanyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk arzuw etdi, şeýle-de BMG-niň Sekretariatynyň ähli işgärlerine mähirli gutlaglaryny, täze üstünlikler baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

***

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe BMG-niň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň geljegine berk ynanýar we bu guramanyň ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, ösüşiň bähbidine egsilmez mümkinçilikleriniň açylmagyna goşant goşmak bilen, strategik hyzmatdaşlygy ösdürmegi hem-de pugtalandyrmagy dowam etdirer” diýlip, hatda bellenilýär.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu mümkinçilikden peýdalanyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdi, şeýle-de BMG-niň Sekretariatynyň ähli işgärlerine mähirli gutlaglaryny, täze üstünlikler baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Ýene-de okaň

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar