JEMGYÝET

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdiler.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýylyň ahyryna çenli az wagtyň galandygyny aýtdy. Şoňa görä-de, bu ýyly gowy netijeler bilen tamamlamak üçin hemmämiz yhlas bilen zähmet çekmelidiris. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda gowy netijeleri gazanmak we jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak üçin zerur çäreleri görmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy hem-de olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Ýene-de okaň

Döwletjan Ýagşymyradow ýeňiş gazandy

Türkmenistanda Lu Ban ussahanasy açyldy

Hytaý kompaniýasy Amyderýanyň sag kenarynda 190 milliard kubmetr tebigy gaz öndürdi

Türkmenistanyň Prezidenti Din Sýuesýany kabul etdi

Din Sýuesýan: Türkmenistan bilen gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyrys

Türkmenistan Hytaýa 462 milliard kubmetr tebigy gaz eksport etdi

Ata Watan Eserleri