JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystana sapar bilen bardy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça Sebit ekologiýa sammitine we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Astana sapar bilen bardy. Bu barada Gazagystanyň Hökümetiniň Metbugat gullugyna salgylanyp, nur.kz saýty habar berdi.

Ozal habar berşimiz ýaly, Sebit ekologiýa sammitiniň dowamynda Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşi ugrunda sebitara hyzmatdaşlygy berkitmek, sebitiň möhüm ekologiýa, howa we suw meselelerini çözmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Onuň jemleri boýunça Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň sebit ekologiýa hyzmatdaşlygy boýunça Bilelikdäki Jarnamasynyň kabul edilmegine garaşylýar.

Şeýle-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň jemleri boýunça hem birnäçe möhüm resminamalara gol çekilmegi meýilleşdirilýär.

Şeýle hem Gazagystandaky halkara çärelere gatnaşmak üçin Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow hem-de Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan Gazagystana bardy.

Şeýle hem häzirki wagtda Mongoliýanyň Prezidenti Gazagystanda döwlet saparynda bolýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Hökümet Baştutanlary bilen duşuşar

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Ýaponiýada Türkmenistan üçin talyp haklary mümkinçiliklerini giňeltmek maslahatlaşyldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Kazanda möhüm başlangyçlary öňe sürdi

Aşgabat 2028-nji ýylda yslam dünýäsiniň medeni paýtagty bolup biler

Türkmenistan “Russiýa-Yslam dünýäsi Hyzmatdaşlyk Expo” sergisine gatnaşdy