Hamal (guzy 21.03 – 20.04)
Size gyzykly hepde garaşýar. Köp Hamallar üçin bu hepde tutanýerliligi we uly ädim ätmäge işlerde hakyky üstünlik gazanmaga kömek eder. Ýöne öňe gitmek hemişe aňsat bolmaz, käwagt kynçylyklar siziň garaşmadyk ýerleriňizde ýüze çykar. Emma öz güýjüňize bolan ynam we özüňizde hem-de beýlekilerde gowy taraplary görüp bilmek ukybyňyz arkaly ähli päsgelçilikleri ýeňip geçersiňiz.
Adaty usullar bilen baş alyp çykyp bolmaýan işlere döredijilikli çemeleşiň.Şeýle hem aragatnaşykda saýlap-seçmek möhümdir.Olaryň köpüsi siziň ynamyňyzy gazanmak üçin uly tagalla ederler. Emma ýatda saklaň: ilkinji täsir hemişe dogry bolmaýar we adamlaryň aýdýanlarynyň hemmesi hakykat däl. Eger gürrüň aýratyn möhüm meseleler barada bolsa, diňe iň ygtybarly hyzmatdaşlara we hakykatdan hem ýakyn adamlara bil baglaň.
Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)
Bu hepdede size dürli-dürli işler bilen meşgullanmaly bolarsyňyz üstesine-de köplenç bir işden beýlekisine geçmeli, birnäçe meseläni bir wagtda pikir etmeli bolarsyňyz. Köp Sowurlar üçin bu wagt aňsat bolmaz, emma şonda-da olar çynlakaý ýalňyşlyk goýbermezler we hiç zady gözden salmazlar. Munuň üçin bolsa sagdyn pikirlenmek we tejribe kömek eder. Emma beýlekileriň maslahatlary köplenç päsgel berer we sizi bulaşdyrar. Şonuň üçin başgalaryň aýdany ýaly hereket etmezden öň ýagdaýy gowy oýlanyp görüň we siziň üçin näme peýdaly boljakdygyna düşünmäge çalyşyň.Işde ýagdaý birmeňzeş bolmaz we ileri tutuljak zatlary dogry kesgitlemek kyn bolar, haýsy işe üns bermelidigini we haýsyny soňrak goýup boljakdygyny çözmek aňsat bolmaz. Şeýle hem öňki düşünişmezlikler ýene güýçlenip biler, siz bolsa näme üçin beýle bolandygyny derrew düşünip bilmersiňiz. Käwagt ýagdaý örän dartgynly bolar şonuň üçin konfliktden gaça durmak üçin örän seresap we näzik hereket etmeli bolarsyňyz.
Jöwza (ekizekler 21.05 – 21.06)
Bu hepdede ynanyp bolmajak wakalar bolup biler olaryň netijeleriniň nähili boljakdygyna siz derrew düşünip bilmersiňiz. Emma aşa alada etmegiň zerurlygy ýok: ýyldyzlar size goldaw berer, tejribe we sagdyn pikirlenmek bolsa uly ýalňyşlyklardan gaça durmaga kömek eder. Şeýle hem köp zat siziň nähili ýagdaý bolsada oňyn keýpi saklap bilmegiňize bagly bolar.Iş ulgamynda üýtgeşmeler bolup biler, şeýle hem täze teklipler gelip biler olary kabul etseňiz hünär durmuşyňyzda täze sahypa açyp bilersiňiz. Hemme zat derrew aňsat bolar diýip garaşmaň, emma üstünlik gazanmak mümkinçiligi bolar.
Hepdäniň ikinji ýarymy aragatnaşyk, pikirdeşleri we hyzmatdaşlary tapmak üçin amatly bolar. Hünär çärelerine gatnaşmak peýdaly bolar. Şeýle hem ilkibaşda iş gatnaşyklary hökmünde başlanan gatnaşyklar soň romantiki häsiýet alyp biler.
Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)
Hepde köp işlerde üstünlikleri wada berýär, emma ondan hem möhümi siz gymmatly tejribe toplarsyňyz. Bolýan wakalar size adaty zatlara täzeçe seretmäge, nirede dogry bolanyňyzy, nirede ýalňyşandygyňyzy düşünmäge kömek eder.Bu wagt soňky wagtlarda özüne ynamy peselen Seretanlar üçin ynam gaýtadan dikelýär. Käbirleri täze işe başlamak üçin taýýar bolup, batyr meýilnamalary düzýärler.Garaşylmadyk saparlar, duşuşyklar we täze tanyşlyklar bolup biler.Hepdäniň ikinji ýarymy adamlar bilen gatnaşyklarda hem üýtgeşmeler bolar. Siz öň sizi tankyt edýän adamlaryň hem indi has dostlukly bolandygyny görersiňiz. Siziň pikiriňize öň diňe öz pikirini dogry hasaplaýanlar hem gulak asar.
Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)
Size aňsat bolmadyk hepde garaşýar, aýratyn-da iş babatda. Güýçli garşydaşlar bilen ýüzbe-ýüz bolarsyňyz we ýeňiş gazanmak üçin köp zähmet çekmeli bolarsyňyz. Açyk hereket ediň, şübheli usullardan gaça duruň. Häzirki wagtda abraýyňyzy goramak aýratyn möhümdir. Hatda iň kiçi hereketleriňiz hem ünsden düşmez şonuň üçin soň utanmaly boljak zatlary etmezlige çalyşyň.Işdäki üstünlikler garaşyşyňyzdan pes bolup biler, sebäbi köp gijikmeler ýüze çykyp biler. Bilelikdäki taslamalar has kyn bolar. Kärdeşleriň haýallygy sizi gaharlandyryp biler, emma bu duýgyny dolandyrmak möhümdir.
Hepdäniň ahyrynda ýakynlaryňyz bilen aragatnaşyga üns beriň.
Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)
Bu hepdede näme meýilleşdirýän bolsaňyz, ähli hereketleriňiziň gowy oýlanyşykly bolmalydygyny ýatda saklaň. Diňe ýagdaýy umumy görnüşde görmek däl, eýsem ownuk jikme-jiklikleri hem hasaba almak zerurdyr, sebäbi başda ähmiýetsiz ýaly görünýän zatlar soň möhüm rol oýnap biler.Öz syrlaryňyzy we pikirleriňizi paýlaşmaga howlukmaň, umuman alanyňda gürlemekden has köp diňlemäge çalyşyň.
Eger-de siz nätanyş adamlar bilen aç-açan gürrüň etseňiz, soň muňa puşman edip bilersiňiz. Öz syrlaryňyzy hem-de başgalaryň syrlaryny gorap saklaň we ähli möhüm ädimleri gowy oýlanman etmäň.
Şeýle hem bir tarapdan, pul girdejileri we peýdaly geleşikler mümkin. Beýleki tarapdan, biderek çykdajylar we şowsuz maýa goýumlar hem bolup biler. Emma uly meselelerden gorkmagyň geregi ýok. Käbir Sünbüleler üçin maşgalanyň býujetini meýilleşdirmek, puluň nirä gidýändigini seljermek peýdaly bolar.
Mizan (terezi 24.09 – 23.10)
Işler ünsüňizi jemlemek adatdakydan has kyn bolar, käbir Mizanlar adaty meseleleri çözmegiň näçe köp güýç talap edýändigine geň galarlar. Iş gatnaşyklarynda hem kynçylyklar ýüze çykyp biler. Kärdeşler we hyzmatdaşlar käwagt dostlukly bolmazlar, hatda kimdir biri sizi ýörite gaharlatjak ýaly bolup biler. Emma öz bähbitleriňizi ýatda saklap, olara boýun egmeseňiz, köp meseleleriň öňüni alyp bilersiňiz.Möhüm kararlary kabul etmek kyn bolup biler. Şeýle ýagdaýda duýgularyňyza bil baglap bilersiňiz, sebäbi ol beýlekileriň maslahatyndan has peýdaly bolar.Eger-de seresap bolup, howlukmasaňyz, diňe ýalňyşlyklardan gaça durman, eýsem siziň üçin möhüm bolan işlerde öňe hem gidip bilersiňiz.Hepdäniň ahyrynda ýakynlaryňyzyň kömeginden ýüz öwürmäň: hut olaryň kömegi bilen siz hepdäniň birinji ýarymynda ýüze çykjak kynçylyklary ýeňip geçersiňiz we ikinji ýarymynda uly üstünlik gazanarsyňyz. Şeýle hem bilelikdäki işler gatnaşyklara oňyn täsir eder. Öňki düşünişmezlikler geçmişde galar.
Akrap (içýan 24.10 – 22.11)
Siz özüňiz üçin hem, başgalar üçin hem köp peýdaly işler edersiňiz. Ýeňil çözgütleri gözlemäň: maksatlaryňyza ýetmek üçin birnäçe kynçylyklary ýeňip geçmeli bolarsyňyz. Siz öňküsinden has köp töwekgelçilik etmeli bolarsyňyz. Başda bu sizi ruhlandyrar, sebäbi dartgynly ýagdaýlarda siz güýç we energiýa duýarsyňyz. Emma soňra durnuklylyk islärsiňiz. Jogapkärçiligi başgalara ýüklemek howply bolup biler, şonuň üçin möhüm meseleleri özüňiz çözmäge çalyşyň.Şahsy gatnaşyklarda hem aňsat bolmaz. Käbir düşnüksiz ýagdaýlar ýüze çykyp biler, käbir Akraplarda gabanjaňlyk üçin sebäpler döräp biler. Bu ýagdaýlary derrew çözmek aňsat bolmaz, emma wagtyň geçmegi bilen siz ähli zady düşünersiňiz, eger-de duýgulary bir gyra goýup bilseňiz.Romantiki duýgular, ilkinji görüşde söýgi hem bolup biler. Olar durmuşyňyzda möhüm rol oýnap biler, uly üýtgeşmeleriň başlangyjy bolup biler. Emma howlukmaň, ähli zatlary ýuwaş-ýuwaşdan ösdürmek has gowy bolar.
Kowus (keman 23.11 – 21.12)
Hepde örän gyzykly bolar. Köp täze we dürli işler ýüze çykar. Bu hepde aýratyn çemeleşmäni talap eder, siz bolsa birinden beýlekisine geçmeli bolarsyňyz. Siz ähli zatlary gowy alyp bararsyňyz, emma iň uly üstünlikleri döredijilikli çemeleşmäniň gerek bolan ýerlerinde gazanarsyňyz. Hepdäniň ikinji ýarymynda
işiňizi üýtgetmek ýa-da täze ugurda özüňizi synap görmek mümkin bolar. Siz çalt öwrenersiňiz we tiz wagtda ilkinji üstünlikleriňizi gazanarsyňyz. Emma bäsdeşlere garşy seresap boluň: olar size garşy adalatsyz usullary ulanyp bilerler.Şeýle hem aragatnaşyk taýdan amatly hepde. Dostlar bilen duşuşyklar we romantiki duşuşyklar sizi begendirer. Siz dürli adamlary bilen aňsat dil tapyşarsyňyz. Käbir Kowuslar özüne çekijiligi arkaly güýçli hyzmatdaşlary taparlar.
Jedi (owlak 22.12 – 20.01)
Ýagdaýy hakyky bahalandyryň, hyýallara berilmäň. Hepde beýle erbet däl, emma meseleleri wagtynda görmek we çalt çözmek möhümdir. Muny diňe özüňiz etmegiň hökman däl size kömek etmäge taýýar adamlar bolar.Siz işde başlangyç görkezmäge synanyşarsyňyz, emma käwagt öňe gitmegiň ýerine bir ýerde durýan ýaly bolup biler. Emma ýagdaýy dogry seljermek möhümdir nämäniň size baglydygyny ýa-da nämäniň size bagly däldigine düşünmek gerek.Hepdäniň soňy has arkaýyn we amatly bolar. Bu döwür möhüm soraglaryň jogaplaryny getirer. Şeýle hem maliýe ýagdaýy gowulaşyp biler täze girdejiler ýa-da köne bergileriň gaýdyp gelmegi mümkin
Daluw (gowa 21.01 – 20.02)
Oňyn keýpde bolmaga çalyşyň. Näçe az alada etseňiz, hepde şonça-da gowy geçer. Stressliýagdaýlardan gaça duruň, emma ýüze çyksa-da diňe özüňiz çözmäge synanyşmaň.Bu hepde köp meseleleri çözmek üçin amatlydyr aýratyn-da karýera bilen bagly bolanlary. Hünär çärelerine gatnaşmak peýdaly bolar. Özüňizi görkezmekden çekinmäň: bu üstünlik getirer. Täze hyzmatdaşlar we goldawçylar tapyp bilersiňiz.
Söýgi gatnaşyklary üçin hem amatly hepde. Köne duýgular täzeden güýçlenip biler eger-de siz ýakynyňyzy begendirmegiň täze ýoluny tapsaňyz.
Hut (balyk 21.02 – 20.03)
Bu hepde iş taýdan örän üstünlikli bolar, aýratyn-da başyndan işjeň bolan Hutlar üçin. Bu wagt köne meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin amatly pursat. Siz täze zatlary çalt öwrenersiňiz we peýdaly tejribe gazanarsyňyz. Gymmatly maglumatlary paýlaşýan adamlar bilen has köp aragatnaşyk saklaň.
Işde içki sesiňiz size üçin uly güýçli bolar, emma şahsy gatnaşyklarda içki sesi hemişe dogry bolmaz. Öň jedel döreden meseleleri täzeden gozgamakdan gaça duruň. Sözleriňize üns beriň, sebäbi käbir adamlar olary gaty duýgur kabul edip biler.Hepdäniň ahyrynda saglygyňyza üns beriň: köne keseller özüni ýatladyp biler. Emma siz artykmaç ýadawlykdan gaça durup, sagdyn durmuş ýörelgesini saýlasaňyz, uly meseleleriň öňüni alyp bilersiňiz.
