SPORT

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

UFC guramasy Azerbaýjanyň Ýaşlar we sport ministrligi hem-de “Baku City Circuit” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk barada uzak möhletleýin şertnama baglaşdy.

Kompaniýanyň “Report” agentligine beren maglumatyna görä, ylalaşyk 2028-nji ýyla çenli göz öňünde tutulyp, her ýyl Azerbaýjanyň paýtagtynda “UFC Fight Night” ýaryşlaryny geçirilmegi meýilleşdirilýär. Gol çekilen şertnamanyň çägindäki ilkinji ýaryş 27-nji iýuna meýilleşdirildi we ol Milli gimnastika arenasynda geçiriler.

Ýatladyp geçsek, geçen ýylyň iýun aýynda “Baku Crystal Hall-da” guralan ilkinji UFC çäresi 14 000-den gowrak tomaşaçyny özüne çekipdi. Ähli petekleriň doly satylmagy, bu sebitde garyşyk söweş sungatyna (MMA) bolan gyzyklanmanyň örän ýokarydygyny görkezdi.

Las-Wegasda bolan duşuşygyň dowamynda UFC-niň prezidenti we baş direktory Deýn Waýt hem-de Azerbaýjanyň ýaşlar we sport ministri Farid Gaýybow geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Related posts

Boks boýunça Aziýa çempionaty Iordaniýada geçiriler

Ronaldo Saud Arabystanynyň çempiony boldy

Ata Watan Eserleri

Ýewropanyň iň güýçli topary şu gün belli bolýar