SPORT

Dünýä çempionaty-2026: Gonkong:2 – 2: Türkmenistan

Dünýä çempionaty – 2026-nyň saýlama tapgyrynyň “E” toparçasynda çykyş edýän Gonkongyň hem-de Türkmenistanyň milli ýygyndylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. “Hong Kong” stadionynda geçirilen duşuşyk 2:2 hasabynda deňme-deň tamamlandy.

Duşuşykda Gonkongyň milli ýygyndysy ýer eýesi hökmünde gyzyl, Türkmenistanyň milli ýygyndysy bolsa ak köýnekçede çykyş etdi.

Aşgabat wagty bilen 17:00-da başlan duşuşykda erjel oýun görkezen Türkmenistan duşuşygyň 4-nji minutynda Ruslan Mingazow bilen öňe saýlandy. 12-nji minutda ýer eýeleri Gonkongyň ýygyndysy Wonguň goly bilen hasaby deňledi.

Ruslan Mingazow 36-njy minutda Türkmenistany ýene-de öňe geçirdi. Gonkongyň ýygyndysy bolsa, 65-nji minutda Kamargo bilen ýene-de hasaby deňledi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň we Gonkongyň ýygyndylary ilkinji utuklaryny gazandy.

“E” toparçasynda Eýranyň we Özbegistanyň ýygyndysynyň hem bardygyny bellemek gerek. Bu iki toparyň arasynda duşuşyk hem 2:2 hasabynda deňme-deň tamamlandy.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy