SPORT

Sarri “Lasio” toparyna tälim berer

Italiýanyň “Lasio” toparynyň täze baş tälimçisi wezipesine Maurisio Sarri bellendi. Rim kluby muny resmi web sahypasynda yglan etdi.

Sarri täze topary bilen 2023-nji ýylyň iýunyna çenli şertnama baglaşdy.

Italiýaly hünärmen öň “Napoli”, “Ýuwentus” we “Çelsi” bilen işleşdi. London kluby bilen Sarri Ýewropa ligasynda, “Ýuwentus” bilen Italiýanyň çempionatynda ýeňiji boldy.

Sarri “Lasio” toparynyň ozalky baş tälimçisi hökmünde Simone Inzaginiň “Inter” toparyna tälimçi bolup bellenmeginden soňra onuň ýerine bellendi.

 

ABŞ-nyň Prezidentiniň ilkinji daşary ýurt sapary

 

Related posts

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri

Boks boýunça dünýä rekordy

Ata Watan Eserleri

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri