BIZNES

TIF 2026: türkmen işewürleri Mitsubishi, John Deere ýa-da Samsung bilen duşuşygy nähili belläp bilerler we bu işi näme üçin şu günden amala aşyrmaly

2026-njy ýylyň 1–2-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň Maýa goýum forumynyň çäklerinde 40-dan gowrak ýurtdan 200-den köp daşary ýurt kompaniýalary bir ýere jemlener. Bu çäre türkmen telekeçileri üçin ýylyň iň uly mümkinçilikleriniň birine öwrüler. Iki günüň dowamynda «Ýyldyz» myhmanhanasynda, umuman duşuşmak üçin müňlerçe kilometr ýol aşmaly bolýan kompaniýalaryň wekilleri bilen gepleşikleri geçirip bolar.

Forumyň möhüm artykmaçlygy islendik gatnaşyjy bilen duşuşyk üçin tötänleýin tanyşmaklyga garaşman, özbaşdak belläp bolýanlygydyr. Hasaba alnan her bir wekile gatnaşyjynyň şahsy otagy — Attendee Hub we TIF 2026 ykjam telefon goşundysy elýeterli bolýar (iOS üçin: apps.apple.com/us/app/turkmen-congress/id6759779114, Android üçin: play.google.com/store/apps/details?id=com.turkmencongress.app). Goşundyda gatnaşyjylaryň sanawy bilen tanşyp, kompaniýalaryň işi barada maglumat alyp we olaryň wekillerini tapyp bolýar. Gyzyklandyrýan guramany saýlap, duşuşyk baradaky haýyşnamany ibermek ýeterlik bolýar, wagty we ýeri bolsa taraplar öz aralarynda ylalaşýarlar. Muny häzirden ýerine ýetirip bolýar. Şunuň bilen birlikde, forum başlamazdan öň işewür gepleşikleriň gutarnykly maksatnamasy peýda bolar.

Kimler bilen gepleşikler geçirip bolar?

Forumda Ýaponiýanyň işewür toparlary aýratynlykda giňdeň wekilçilik ediler. Olaryň hatarynda Mitsubishi Corporation, Mitsubishi Heavy Industries, ITOCHU, Sumitomo Corporation, Kawasaki Heavy Industries we Mizuho banky bolar. Koreýadan Samsung C&T we Daewoo Engineering, Germaniýadan bolsa John Deere, CLAAS, WIRTGEN Group we Siemens Energy ýaly kompaniýalar gatnaşar.

Damen Shipyards gämi gurluşygy boýunça çözgütlerini, TotalEnergies, Dragon Oil we ADNOC nebit-gaz pudagyndaky tejribesini, Toyota Central Asia bolsa awtomobil ugruny hödürlär.

Maliýe pudagyna Oppenheimer & Co we Moody’s, hukuk boýunça Fieldfisher, tehnologiýa ugruna bolsa Canaan we Bitdeer wekilçilik edýär.

Ösüş institutlary aýratyn bellenmäge mynasypdyr: Bütindünýä banky we Halkara maliýe korporasiýasy (IFC), Aziýanyň ösüş banky, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş banky (ÝTÖB), Yslam Ösüş banky we Hytaýyň Eksport-import banky.

Forumda oba hojalyk pudagynyň wekillerinden John Deere, CLAAS we Jiangsu World bilen tehnika we hyzmat, gurluşyk kompaniýalaryndan Samsung C&T, WIRTGEN, Gap İnşaat we Rönesans bilen potratçy we ýerinde iş alyp barmak, nebit we gaz pudagyndan bolsa Siemens Energy, MHI we Tatneft bilen enjamlar we erginler boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşyp bilerler. Logistika pudagynyň wekillerinden  Damen, TAV Technologies we Betamont, eksport amallaryny aşyrýanlar bolsa Karavan (Türkiýe), AEEX (Hytaý–ŞHG), Tatarystan Söwda öýi we TABCA (ABŞ) söwda platformalary gyzykly bolup biler.

Gatnaşyjylaryň sanawynda türkmen kompaniýalary hem ýer alýarlar. Olara Hazar Gurluşyk, Türkmen Enjam, Aýdyň Gijeler, Beýik Ýüpek Ýoly, Watan Rowaçlygy, Dowa, Ak Harman, Ýedi-Ýer, Döwlet Gurluşyk, Nexia Turkmenistan, Hukukçy we beýlekiler degişlidir.

Forumyň işewürlik maksatnamasy iki günüň dowamynda geçiriljek sekiz mowzuklaýyn sessiýany öz içine alýar. Olara şular degişlidir: nebit we gaz, himiýa, energetika we gurluşyk, ulag we logistika, söwda we döwlet-hususy hyzmatdaşlygy, oba hojalyk işewürligi, halkara maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlyk, wirtual aktiwler, innowasiýalar we «ýaşyl» özgertmeler.

Şonuň bilen birlikde, öňki forumlaryň tejribesiniň görkezişi ýaly, amaly netijeleriň saldamly bölegi diňe sessiýalaryň çäginde däl, eýsem ýüzbe-ýüz duşuşyklaryň dowamynda hem gazanylýar. Şol sebäpli gatnaşyjylara gepleşiklere öňünden taýýarlanmak maslahat berilýär. Öz kompaniýasy barada iňlis dilinde gysga beýanyny taýýarlamaly we her bir anyk söhbetdeşlikde gazanmak isleýän netijelerini takyk kesgitlemeli.

Forum baradaky giňişleýin maglumat onuň resmi web-sahypasyndan alyp bilersiňiz: tif-turkmenistan.com

Related posts

Türkmenistan Yslam Ösüş Banky we Singapur bilen port ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan Malaýziýadaky halkara sergä taýýarlyk görýär

USAID Türkmenistanda miwe-gök önümlerini eksport edijiler üçin degişli telefon nokatlaryny işe girizdi

Ata Watan Eserleri