Seul şäherinde Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň jemleýji çäreleri ýaýbaňlandyryldy. Olara dostlukly ýurduň ýaşaýjylary we Koreýada bilim alýan türkmen ýaşlary ruhubelentlikde gatnaşdylar.
Iki günläp dowam eden döredijilik forumy özara dostlukly gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmakda medeniýetiň, sungatyň, edebiýatyň ähmiýetiniň uludygyny nobatdaky gezek tassyklady. Türkmen halkynyň häzirki zaman aýdym-saz we kinematografiýa sungaty, däp-dessurlary bilen tanyşlyk medeni çärelere gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Seul şäherindäki Hanguk Daşary ýurt dilleri uniwersitetinde «Uly baýragyň gymmaty» atly çeper filmiň görkezilişi boldy. Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan düşürilen bu filme tomaşa eden koreýalylar bedewiň türkmen halkynyň durmuşynda uly orun eýeleýändigine göz ýetirdiler. Çeper filmde atlary seýislemegiň gadymdan gelýän däpleri, ussat seýisleriň tejribe ýoly täsirli beýan edilýär.
Soňra dabaralar Seulyň döwrebap medeniýet merkezleriniň biri bolan «Prujio» konsert zalynda dowam etdi. Bu ýerde döredijilik forumynyň ýapylyş dabarasy mynasybetli ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň konserti geçirildi.

Jemleýji konsertde çykyş edenler Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň medeni-ynsanperwer ulgamda döwletara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga goşant bolandygyny bellediler. Koreýa Respublikasynyň wekilleriniň nygtaýşy ýaly, medeni forumyň çäklerinde koreýalylar türkmen halkynyň baý we özboluşly medeni mirasy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Geçirilen duşuşyklar, guralan sergiler we aýdym-sazly çykyşlar özara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine täze itergi berer.

Soňra ýurdumyzyň meşhur estrada aýdymçylarynyň, folklor we tans toparlarynyň, bagşylarynyň köpöwüşginli çykyşlaryna orun berildi.
