BIZNES

SOCAR “OGT 2026” nebitgaz maslahatynyň baş hyzmatdaşy boldy

Azerbaýjan Respublikasynyň meşhur nebitgaz kompaniýasy bolan “SOCAR” şereketiniň Aşgabatda geçiriljek “Tükmenistanyň nebiti we gazy” (OGT 2026) halkara maslahatynyň we sergisiniň baş hyzmatdaşy (Premier Partner) hökmündäki derejesini resmi taýdan tassyklandygy habar berildi.

– SOCAR-yň Türkmenistandaky wekilligi hökmünde Hazar sebiti boýunça maýa goýumlar, energiýa üstaşyr geçelgeleri, düzümleýin infrastrukturany optimallaşdyrmak we tehnologik ösüşler barada ýokary derejeli gepleşikler üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýän “OGT 2026” ýaly sebitleýin uly forumy goldaýandygymyza buýsanýarys – diýip, kompaniýanyň metbugat beýanatynda bellenilip geçilýär.

Şeýle hem habar berlişine görä, kompaniýanyň wekilhanasy Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilendir. Işjeň hyzmatdaşlyk arkaly tutuş sebit üçin bähbitli bolan ygtybarly, netijeli we durnukly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam bermegi dowam etdirmegi maksat edinilýändigi bellenildi.

Related posts

Türkmenistanda 1-nji awgustdan mekdep harytlarynyň söwdasy başlar

Özbegistan Türkmenistana 163 tonna alma eksport etdi

Döwlet haryt-çig mal biržasynda 20 müňden gowrak şertnama baglaşyldy

Ata Watan Eserleri