Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen bilelikde Çolpon-Ata şäherindäki “Issyk-Kul Golf Resort” toplumynda golf klubynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Gyrgyz Respublikasynda döwlet saparynda bolýar. Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bolsa, Merkezi Aziýa-Azerbaýjan döwlet baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Gyrgyzystana iş sapary bilen bardy.




Golf kluby Yssyk-Köl kölüniň kenarynda, köp ugurly syýahatçylyk toplumy bolan “Issyk-Kul Golf Resort”-yň çäginde ýerleşýär. Bu toplumyň umumy meýdany 120 gektar bolup, munuň 103 gektaryny golf klub eýeleýär.
Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Yssyk-Köl şäherine diňe bir tomus aýlary däl, eýsem ýylyň beýleki pasyllarynda hem syýahatçylary çekmekde uly ähmiýete eýedir. Şunlukda, bu ýerde ýylyň 10 aýynda golf oýnamaga mümkinçilik berýän meýdança döredildi. Golf klubyň çäginde myhmanlaryň ygtyýarynda 80 orunlyk myhmanhana hem bar. Bu ýerde golf akademiýasyny döretmek we dürli derejedäki golf ýaryşlaryny geçirmek meýilleşdirilýär.
Syýahatçylyk, sport, saglyk we beýleki dynç alyş desgalary özünde jemleýän “Issyk-Kul Golf Resort” toplumynda Golf klub bilen bir hatarda birnäçe dört we bäş ýyldyzly myhmanhanalar, restoranlar we kenar zolaklary hereket eder.
Açylyş dabarasyna gatnaşan döwlet Baştutanlary “Issyk-Kul Golf Resort” toplumynyň çäginde gezelenç etdiler we ol ýerde golf oýnunyň başlanmagy mynasybetli simwoliki dabara gatnaşdylar.
