Ýurdumyzyň Merkezi Garagumda ýerleşýän «Çemmerli» gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alyndy. “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Döwletabatgazçykaryş” müdirliginiň buýurmasy esasynda, “Türkmengazburawlaýyş” müdirligi tarapyndan “Çemmerli” gaz känini özleşdirmegiň çäginde 265 belgili baha beriş-ulanyş guýusy 1 müň 200 metr çuňluga burawlanyp, onuň 1 müň 114 — 1 müň 110 metr aralygyndan synag işleriniň netijesinde bir gije-gündizde senagat ähmiýetli 150 — 200 müň kub metrden gowrak tebigy gazyň akymy alyndy.
Munuň özi “Türkmengazburawlaýyş” müdirliginde işleriň döwrebap derejede alnyp barylýandygynyň, onuň tehnologiýalarynyň häzirki zaman usullary esasynda kämilleşdirilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsidir. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, dünýäniň ösen tejribesini netijeli özleşdirmek boýunça kesgitlän wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini alamatlandyrýar.
Merkezi Garagum gazly künjeginde ýerleşýän “Çemmerli” käninde tebigy gazyň täze akymynyň alynmagy pudagyň işgärleriniň we hünärmenleriniň Garaşsyzlyk baýramyny zähmet ýeňişleri bilen garşylamak ugrundaky tagallalarynyň aýdyň netijesidir.
