JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gümrük gulluklary özara hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň wekilleriniň arasynda import harytlary gümrük taýdan resmileşdirilende ulanylýan düzgünler boýunça tejribe alyşmak maksady bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly iş duşuşygy geçirildi.

Duşuşyk, şu ýylyň iýun aýynda Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşykda gazanylan ylalaşyklaryň, şol sanda harytlar barada deslapky maglumatlary alyşmagyň Tehniki şertleriň hem-de özara söwdanyň gümrük statistikasy ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Teswirnamanyň düzgünleri ýerine ýetirmek maksady bilen guraldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda gatnaşyjylar elektron maglumat alyş-çalyş amallaryny kämilleşdirmek we haryt dolanyşygyny çaltlaşdyrmak meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar hem-de import gümrük düzgüni boýunça öz tejribelerini paýlaşdylar.

Duşuşygyň jemi boýunça taraplar özara hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleri geçirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Related posts

10 ýyllyk karzyny üzdi

vepa

Türkmenistan-ABŞ: Howpsuzlyk Geňeşindäki özgertmeler boýunça pikir alyşdylar

Ata Watan Eserleri

“Galkynyş” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alnyp başlandy