Şu gün, 31-nji iyulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamdow Yssyk-Köl welaýatynyň Çolpon-Ata şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasyna bardy.
Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň habar berýär.
«Yssyk-Köl» halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimizi Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy – Prezidentiň Diwanynyň ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliýew garşylady.
Çolpon-Atadaky duşuşyk 30-njy iyul-1-nji awgust aralygynda geçirilýär. Oňa Merkezi Aziýanyň 5 ýurdunyň we Azerbaýjanyň Prezidentleri gatnaşýarlar.
Duşuşygyň dowamynda liderler söwda, energetika we syýahatçylyk pudaklarynda hyzmatdaşlygy berkitmek, ulag geçalgalaryny giňeltmek, şeýle hem sebitde medeni-gumanitar gatnaşyklary ösdürmek meselelerini maslahatlaşmagy meýilleşdirýärler.
