DÜNÝÄ

Grenlandiýa ilkinji gezek ýagyş ýagdy

Grenlandiýanyň adaty garly depesine ilkinji gezek ýagyş ýagdy. Adatça, Gerlandiýanyň dag gerşine gar ýagýan bolsa, bu gezek ilkinji gezek gar ýerine ýagyş ýagdy. Bu barada “CNN” teleýaýlymy habar berýär.

Şeýlelikde, Grenlandiýanyň temperaturasy soňky 10 ýylyň dowamynda 3-nji gezek “0”-dan ýokary galdy. Ýyly howa sebäpli 7 milliard tonna suw gar gaplanan dag gerşine ýagdy.

ABŞ-nyň milli buz we gar maglumatlary merkeziniň habaryna görä, 1950-nji ýyldan soňra buz gatlagyna ýagan güýçli çagba bolup durýar.

Kolorado uniwersitetiniň buz we gar maglumatlary boýunça milli merkeziniň uly ylmy işgäri Ted Skambos bu ýagdaýyň Grenlandiýanyň çalt gyzýandygyny görkezýändigini belledi.

Grenlandiýanyň günorta-günbatar kenaryna köp mukdarda ýagyş ýagdy. Grenlandiýa ― demirgazyk ýarym şaryň iň uly buzly sebiti, onuň  ilaty 50 müňe ýakyn. Bu ýerde howanyň çalt ýylaýandygy üçin buzlar ereýär.

 

90 million ýyllyk ullakan ýumurtga tapyldy

 

Related posts

Türkmenistan bilen Azerbaýjan atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň Tehniki uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

Soňky 5 ýylda 3-nji rekord