TEHNOLOGIÝA

Çip ýetmezçiligi: önümçiligini azaldýar

Ýaponiýanyň awtoulag önümçiliginiň ägirdi “Toyota” kompaniýasy sentýabr aýyndan tutuş dünýäde önümçiligini 40 göterim azaldýar.

Iýul aýyndaky çaklamalara görä, kompaniýa indiki aýda 900 müň ulag öndürmegi meýilleşdiripdi. Ýöne çip ýetmezçiligi sebäpli bu önümçilik meýilnamasy 500 müňe çenli azaltdy.

Habarda mälim bolşuna görä, kompaniýa Ýaponiýadaky 27 önümçilik önümhanalarynyň işini wagtlaýyn togtadýar.

“Nikkei” neşiriniň habaryna görä, Wýetnamda kronawirus ýokanjy bilen keselleýänleriň sanynyň artmagy bilen bu sebitden ätiýaçlyk şaýlarynyň üpjünçiligi kynlaşdy. Bu ýagdaý hem dünýäniň iň iri awtoulag öndürijisiniň önümçiliginiň azalmagyna getirdi.

 

Kinolaryndan iň köp girdeji gazanýan aktýor

Ýene-de okaň

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi

Türkmenistanda “TELECOMWIFI” jemgyýetçilik “Wi-Fi” gerimini giňeldýär

“Bitdeer Technologies Group” Türkmenistanda ilkinji maglumat merkezini gurar

Russiýa Federasiýasy ilkinji indoneziýaly kosmonawtyň uçuşyny guramaga taýýar