TEHNOLOGIÝA

«Intel» «elektron burun» döretdi

«Intel» kompaniýasynyň hünärmenleri 10 ysy tapawutlandyrmagy başarýan «elektron burny» döretdiler. Dünýäniň alymlary bu oýlap tapyşyň ylym üçin uly üstünlikdigini belleýärler.

Adamyň burny 450 ysy bir-birinden tapawutlandyryp bilýär. Häzirlikçe «elekt ron burun» ýangyn ýa-da gaz bilen zäherlenme ýaly howply hadysalaryň öňüni almakda ulanylýar. Ol howply ýagdaýyň döremegine getirip biljek hadysalary sesli we yşykly çyralary arkaly habar bermekde uly kömek edýär.

Şeýle-de «emeli burny» käbir howply keselleri anyklamakda peýdalansa bolýar. Kompaniýanyň hünärmenleriniň bellemeklerine görä, «emeli burny» geljekde has-da kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar we ol halk hojalygynyň dürli pudaklarynda peýdalanylar.

Related posts

Samsung Galaxy S20 Ultra 5G akylly telefony satuwa çykaryldy

Aýa iberiljek ulag

Ata Watan Eserleri

Tbiliside bahasy 1,25 mlrd dollar bolan täze howa menzili gurlar