SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Buzuň aşagyndan ýyly suwly köl tapyldy

Antarktidanyň iň uly doňaklygynyň aşagynda ýyly suwly köl tapyldy. Bu ýerde ylmy işleri geçirýän alymlaryň bellemeklerine görä, kölüň ululygy Amerikanyň Florida ştatynyň ululygy bilen deňdir we kölüň käbir ýerleriniň suwunyň gyzgynlygy onuň ýokarsyndaky doňaklygy eredýär.

Soňky ýyllarda dünýäde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly Antarktidada uly özgerişlikler bolup geçýär. Uly doňaklyklaryň eremegi bilen onda şu wagta çenli belli bolmadyk delilleriň üsti açylýar. Alymlar ondaky doňaklyklaryň eremegi bilen dünýä ummanyndaky suwlaryň köpelmeginden howatyrlanýarlar.

Dünýäniň günorta böleginde ýerleşýän yklymda geçirilen barlag işleri bu ýerde howanyň gyzgynlyk derejesiniň barha artýandygyny görkezýär.

Related posts

Alymlar koronawirusyň iň gadymy ata-babalaryny anykladylar

Otly gatnawlary wagtlaýyn duruzulýar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Awiasiýa howpsuzlygy üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy taýýarlandy