JEMGYÝET

Bir metre golaý hyýar ýetişdirdi

Beýik Britaniýaly ekerançy Alf Kobb dünýäde iň uly hyýar ösdürip ýetişdirmegi başardy. Ol özüniň ekin meýdanynda uzynlygy 92 santimetr, agramy 12,5 kilogram bolan äpet hyýary ösdürip ýetişdirdi.

Alf ýetişdiren äpet hyýaryny ýurduň günorta-günbataryndaky Bat şäherinde guralan oba hojalyk ekerançylarynyň milli sergisinde görkezdi. Ol şeýle uly hyýary ösdürip ýetişdirendigi üçin Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna hem girizildi.

Ussat ekerançynyň äpet hyýar ösdürip ýetişdirmekde bu ikinji üstünligi. Ol öňki möwsümde-de uzynlygy 89 santimetre deň bolan hyýar ýetişdirip, kärdeşleriniň arasynda ýeňiji bolupdy.

Geljekde Alf özüniň gazanan üstünligini has berkitmegi göz öňünde tutýar. Ol hyýaryň has äpet görnüşini ösdürip, üçünji gezek hem ýeňiji bolmagy maksat edinýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentine “Mert” atly garabag bedewi sowgat berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Fizuli şäherine baryp gördi

Türkmenistanyň Prezidenti azerbaýjan halkynyň mukaddesliklerini sarpalady

Aşgabat-Baku: ikitaraplaýyn ähtnamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Azerbaýjan Türkmenistana nebit tankerini sowgat berdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Bakuda resmi dabara bilen garşylandy

Ata Watan Eserleri