BIZNES

Türkmenistan “Koreýa Respublikasy-Merkezi Aziýa” senagat ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Aziýanyň dördünji uly ykdysadyýeti bolan Günorta Koreýa bilen sebit döwletleriniň arasynda üpjünçilik zynjyrlarynda hyzmatdaşlygy berkitmek niýetini beýan edip, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň senagat ministrleriniň derejesinde duşuşyk geçirdi diýip, «Yonhap» habarlar gullugy habar berýär.

Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň gatnaşmagyndaky ministrlik duşuşygy Seulda geçirildi.

Taraplar üpjünçilik zynjyrlary ulgamynda, şol sanda möhüm minerallar babynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Koreýa Respublikasynyň Söwda, senagat we serişdeler ministrligi habar berdi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça alty ýurt üýtgeýän dünýä söwda gurşawy we ählumumy üpjünçilik zynjyrlarynyň gaýtadan gurulýan şertlerinde özara hyzmatdaşlygy berkitmek babatda ylalaşdylar diýip, ministrlikde bellenildi. Gatnaşyjylar şeýle hem Günorta Koreýanyň Merkezi Aziýada amala aşyrylýan taslamalara, şol sanda senagat toplumsynyň we «akylly» infrastruktura desgalarynyň gurluşygyna, şeýle hem senagat kärhanalarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna gatnaşmagyny giňeltmek babatda ylalaşdylar.

Merkezi Aziýa ýurtlary öz gezeginde üpjünçilik zynjyrlarynyň ähli basgançaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin özleriniň baý mineral serişde gorlaryny Günorta Koreýanyň gaýtadan işlemek ulgamyndaky öňdebaryjy tehnologiýalary bilen birleşdirmäge taýýardyklaryny bildirdiler. Mundan başga-da, taraplar Günorta Koreýanyň Merkezi Aziýanyň kärhanalarynda «akylly» tehnologiýalary ornaşdyrmaga gatnaşmagy üçin şertleri döretmegi, şeýle hem ýaş hünärmenleriň arasynda tejribe alyşmaga ýardam etmegi meýilleşdirýärler.

Ministrlik duşuşygy 16-njy sentýabrda Seulda geçiriljek taryhy “Koreýa Respublikasy – Merkezi Aziýa” sammitiniň öňüsyrasynda geçirildi.

Related posts

2023-nji ýylyň 4 — 6-njy aprelinde Ýurdumyzyň Söwda toplumynyň Sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Maaşlara Yüzde 70 Oranında Zam

vepa

“Gazprom” kompaniýasy Gazagystan we Özbegistan bilen ylalaşyklar baglaşdy