DÜNÝÄ

Türkmen wekiliýeti saud tarapy bilen yslam alymlaryny taýýarlamak tejribesini ara alyp maslahatlaşdy

12-nji sentýabrda türkmen wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynyň yslam işleri, çagyryş we nesihat ministrliginiň Mekge sebiti boýunça ýolbaşçysy doktor Salem bin Haj Al-Hamri bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Saud Arabystanynyň yslam alymlaryny taýýarlamak, şeýle hem metjitleri we okuw jaýlaryny dolandyrmak babatdaky tejribesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu duşuşyk «Arkadagyň Ruhy metjidi» dini guramasynyň başlygy, baş ymamy Ýalkap Hojagulyýewiň Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde boldy. Saparyň dowamynda öň Medinäniň Yslam uniwersitetiniň prezidenti doktor Saleh bin Ali Al-Akla bilen hem duşuşyk geçirilip, uniwersitet bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek barada ylalaşylypdy, şeýle hem Pygamber metjidiniň ýanyndaky institutyň ýolbaşçysy doktor Salman bin Jawdulla Al-Fakih bilen yslam ylymlary we okuw maksatnamalary ugry boýunça tejribe alyşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşylypdy.

Related posts

Devlet Güvenlik Konseyi toplandı

vepa

Türkmenistan Owganystana goldawyny dowam etdirer

Türkmenistanyň ilçisi Malaýziýanyň Senatynyň Başlygy bilen duşuşdy