BIZNES

Türkmenistanda koreý restoranlarynyň açylmagyna garaşylýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde iki ýurduň işewür düzümleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminama gol çekildi.
Şolaryň biri hem Türkmenistanyň «Kämil market» hojalyk jemgyýeti bilen Koreýa Respublikasynyň «CANA Catering» kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnamadyr.
Resminama «Kämil market» hojalyk jemgyýetiniň direktory Mergen Begençew hem-de «CANA Catering» kompaniýasynyň direktory Le Çong Won tarapyndan gol çekildi.
Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistanda koreý aşhanasyny hödürleýän restoranlaryň açylmagyna garaşylýar. Täze taslama koreý milli tagamlaryny türkmenistanly sarp edijilere has giňden tanyşdyrmaga, şeýle hem iki ýurduň hususy pudaklarynyň arasyndaky işewür gatnaşyklary ösdürmäge mümkinçilik berer.

Related posts

TSTB-niň sergisiniň işiniň wagty uzaldyldy

Oba hojalyk önüm öndürijilere 99 ýyl möhlet bilen ýer bölünip berilýär

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär