BIZNES

Gazagystan 8 ýyldan soňra Gyrgyzystana nebit ibermäge başlady

Gazagystan 2017-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Gyrgyzystana nebit iberilmegini täzeden ýola goýdy. Bu barada “KazTransOýl” kompaniýasy habar berýär.

“Gyrgyzystana nebit üpjünçiligi şu ýylyň noýabr aýynda täzeden başlady. 2025-nji ýylyň ahyryna çenli ‘KazTransOýl’ Gyrgyzystana 30 müň tonna çenli nebit iberer” diýlip, habarda aýdylýar.

Şol bir wagtyň özünde, 2025-nji ýylyň dekabr aýynda Gazagystanyň nebitiniň Özbegistana üstaşyr geçirilmegi hem täzeden başlanar. Bu ugur boýunça iberilýän mukdar 35 müň tonna çenli bolar.

Şeýlelikde, ýylyň ahyryna çenli Gyrgyzystana we Özbegistana nebit eskportunyň jemi mukdary 65 müň tonna ýeter, şolardan 55 müň tonna çenlisi dekabr aýyna düşer.

Kompaniýanyň magistral nebit turba geçirijiler ulgamy arkaly “Şagyr” nebit ýükleýji nokadyna çenli amala aşyrylýar, bu ýerde nebit mundan beýläk iberilmek üçin demir ýol sisternalaryna ýüklenilýär.

Related posts

TSTB-niň goşandy: 10 ýylda 13 million miweli agaç

Ulag we aragatnaşyk pudagynyň 2022-nji ýylda jemi içerki önümdäki paýy 8,8 göterim

Aşgabat şäherinde Welosiped binasy gurlar

vepa