BIZNES

Banklardan karzlary onlaýn almagyň tertibi ýola goýlar

Häzirki wagtda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen müşderilere internet ulgamynyň üsti bilen menzilara bank hyzmatlaryny hödürlemek, şol sanda ýurdumyzyň banklary tarapyndan raýatlara karzlary resmileşdirmekde sanly ulgamy ulanmak arkaly ýeňillikleri döretmek babatda degişli işler geçirilýär. Bu barada sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berildi.

Şunuň bilen baglylykda banklaryň resmi internet web saýtlarynda karz almak boýunça bölümçe döredilip, raýatlara karz almak üçin arza bilen ýüz tutmak mümkinçiligini döretmek hem-de arza berlende karzyň görnüşine laýyklykda, talap edýän maglumatlary girizmek teklip edilýär. Girizilen maglumatlar we resminamalar awtomatik usulyndan barlanandan soňra ýüz tutan raýata banka barmaly wagty we öz ýany bilen alyp gelmeli resminamalaryň sanawy barada maglumat berilýär.

Bu hyzmatyň ornaşdyrylmagy bilen banklarda nobatlaryň azalmagyna, karz bermek işleriniň dessinliginiň üpjün edilmegine, ýüz tutmalaryň öz wagtynda seljerilmegine, wagtyň tygşytlanmagyna ýardam berer.

Siz biziň Android ulgamynda işleýän Applikasyýamyzy şu ýere basyp, özüňiziň mobil telefonyňyza ýükläp ähli  habarlary aňsatlyk bilen okap bilersiňiz!

Related posts

Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksi : Rejelenen görnüşi

Türkmenistan ile Kırgızistan stratejik ortak oldular

vepa

Türkmen gazy Yragyň elektrik stansiýalarynyň zerurlyklaryny üpjün eder