JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitine gatnaşdy

Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti Li Çže Mýo­nuň başlyklyk etmeginde Seul şäherinde “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammiti geçirildi. Oňa bu ýurtda döwlet saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

“Ýonhap” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu sammite Koreýa Respublikasyna döwlet sapary bilen gelen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, şeýle hem resmi sapar bilen gelen Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow gatnaşýar.

Sammitde Koreýa Respublikasy bilen sebit ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna syn berildi.

Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy 1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýdular.

Esasan hem, Koreýa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky köp taraply hyzmatdaşlygy ýeňilleşdirmek we berkitmek maksady bilen döredilen hemişelik edara — Koreýa-Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariaty 2017-nji ýylyň 10-njy iýulynda Koreýa Gaznasynyň ýanynda resmi taýdan öz işine başlady.

Koreýadan Merkezi Aziýanyň bäş ýurduna eksport 8,6 milliard ABŞ dollaryna ýeten bolsa, import 1,3 milliard ABŞ dollaryny düzdi. Koreýanyň Merkezi Aziýa eden maýa goýumlarynyň umumy möçberi 6,4 milliard ABŞ dollaryna ýetdi (2025-nji ýyl).

Related posts

“Arkadag” topary AFK-nyň Çagyryş ligasyna ýeňiş bilen başlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda ahalteke bedewleriniň goragy hakynda kanun taýýarlanýar

Türkmenistan’dan Japon Turistler İçin Vize Kolaylığı

vepa