JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti: ko­reý işe­wür­li­gi­ Türk­me­nis­ta­nyň yg­ty­bar­ly hyz­mat­daşy

Hor­mat­ly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­na döw­let sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Türk­men-ko­reý işe­wür­lik mas­la­ha­ty­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li mej­li­si­ne gat­naş­dy.

Türk­men-ko­reý işe­wür­lik mas­la­ha­ty­nyň öňü­sy­ra­syn­da hor­mat­ly Prezidentimiz türk­men te­le­ke­çi­le­ri­niň ön­dü­ren önüm­le­ri­niň ser­gi­si bi­len ta­nyş­dy. Ser­gi­de ýur­du­my­zyň işe­wür dü­züm­le­ri­niň ön­dür­ýän önüm­le­ri, dür­li gör­nüş­li se­na­gat ha­ryt­la­ry gör­ke­zil­ýär. Bu önüm­ler hä­zir­ki dö­wür­de milli işe­wür­li­giň ösü­şiň tä­ze de­re­je­si­ne çy­kan­dy­gy­nyň aý­dyň be­ýa­ny­na öw­rül­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ry mä­hir­li mü­bä­rek­läp, çy­kyş et­mä­ge ça­ky­lyk üçin gu­ra­ma­çy­la­ra min­net­dar­lyk bil­dir­di hem-de hä­zir­ki dö­wür­de öň­de­ba­ry­jy ko­reý kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry we we­kil­le­ri bi­len Türk­me­nis­ta­nyň hem-de Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da söw­da-yk­dy­sa­dy we ma­ýa go­ýum ul­gam­la­ryn­da hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň gel­je­gi uly taslamalarynyň ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ýan­dy­gy­ny aýt­dy.

Hor­mat­ly Prezidentimiz hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da «Dae­woo En­gi­nee­ring & Const­ructi­on Co., Ltd.», «Ko­ryo Ship­bu­il­ding In­dust­ry Techno­lo­gy Co., Ltd.», «Ko­rea Me­di­tech Co., Ltd.» we beý­le­ki ko­reý kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da ma­ýa go­ýum taslamalarynyň bir­nä­çe­si­niň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni nyg­tap, gel­jek­ki taslamalar bo­ýun­ça gep­le­şik­le­riň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny, ýa­kyn gel­jek­de ola­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge ba­dal­ga be­ril­jek­di­gi­ni aýt­dy.

Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan­da ko­reý kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da umu­my ba­ha­sy 12 milliard ame­ri­kan dol­la­ryn­dan gow­rak bo­lan 17 sa­ny ma­ýa go­ýum tas­la­ma­sy ha­sa­ba alyn­dy. Bu bol­sa ko­reý işe­wür­li­gi­niň Türk­me­nis­ta­na yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş hök­mün­de ga­ra­ýan­dy­gy­nyň we bi­ziň gat­na­şyk­la­ry­my­zyň uly müm­kin­çi­lik­le­ri­niň bar­dy­gy­nyň aý­dyň gü­wä­si­dir. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zyň Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­na di­ňe bir mö­hüm teh­no­lo­gik we ma­ýa go­ýum hyz­mat­da­şy däl, eý­sem, se­na­ga­ty döw­re­bap­laş­dyr­mak­da, san­ly­laş­dyr­mak­da, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly önüm­çi­lik­le­ri ös­dür­mek­de öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä eýe bo­lan döw­let hök­mün­de-de ga­ra­ýan­dy­gy­ny aý­dyp, Türk­me­nis­ta­nyň hem, öz no­ba­tyn­da, uly te­bi­gy se­riş­de­le­re, dur­nuk­ly ener­ge­ti­ka bin­ýa­dy­na, amat­ly ge­og­ra­fik ýer­le­şi­şe, iri ma­ýa go­ýum taslamalaryny amala aşyr­mak üçin giň müm­kin­çi­lik­le­re eýe­di­gi­ne ün­si çek­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­my­zyň ne­bit­gaz, hi­mi­ýa, ener­ge­ti­ka, ulag ýa­ly pu­dak­la­ra ko­reý teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny, ma­ýa go­ýum­la­ry­ny we do­lan­dy­ryş tej­ri­be­si­ni çek­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi aý­dyl­dy.

Related posts

Türkmen Lideri’nden Ruhani ’ye Tebrik Mesajı

vepa

Türkmen Lider, Afgan Bakanı kabul etti

vepa

Hytaý kompaniýasy “Galkynyş” gaz käninde 10 milliard kubmetr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany gurar

Ata Watan Eserleri