PEÝDALY MASLAHAT

Nikadan öň iki tarapyň bilmeli we açyk güreşmeli möhüm meseleleri

1. Saglyk ýagdaýy
Umumy saglyk barlagy
Gan azlygy (anemiýa) boýunça barlag — iki tarap üçin hem
Gan topary we Rh faktory
Talassemiýa we beýleki nesilden geçýän gan keselleri
Nesilden geçýän beýleki keseller barada maglumat
HIV/AIDS barlagy
Gepatit B we C barlagy
Jynsy ýol arkaly geçýän ýokanç keseller boýunça barlag
Dowamly keseller barada açyk maglumat
Neşe, alkogol ýa-da başga garaşlylyk ýagdaýlary
2. Psihologik ýagdaý we häsiýet
Psihologik ýagdaýynyň durnuklylygy
Gahar-gazabyna erk edip bilmek
Agressiwlige ýa-da zorluga meýillilik
Gabanjaňlyk derejesi
Ýalan sözlemek we manipulýasiýa endikleri
Jedel wagtynda özüni alyp baryşy
Ýalňyşyny boýun alyp we ötünç sorap bilmek
Başga adamy diňläp, onuň pikirine hormat goýmak
Sagdyn gatnaşyk gurup bilmek ukyby
3. Maşgala durmuşyna taýýarlyk
Maşgala durmuşyna taýýarlyk derejesi
Jogapkärçilik duýgusy
Är-aýal hökmünde öz borçlaryna düşünmegi
Bilelikde karar kabul edip bilmek
Öý-hojalyk jogapkärçiligini paýlaşmaga garaýşy
Är-aýalynyň şahsy çäklerine hormat goýmagy
Ene-atalaryň we garyndaşlaryň täze maşgala goşulmagynyň çäkleri
Çaga edinmek we çagalaryň terbiýesi baradaky garaýyşlar
4. Gatnaşygyň esasy gymmatlyklary
Wepalylyk
Sylag-hormat
Ynam
Dogruçyllyk
Sabyrlylyk
Geçirimlilik
Bir-biriniň mertebesini goramak
Köpçülikde ýanýoldaşyny kemsitmezlik
Maşgala syrlaryny goramak
Meseleleri gepleşik arkaly çözmek ukyby
5. Durmuş kynçylyklaryna taýýarlyk
Kynçylyklary bilelikde ýeňip geçmek ukyby
Stress ýagdaýynda özüni alyp baryşy
Maddi kynçylyk ýüze çykanda çemeleşişi
Işsiz galmak, kesellemek ýa-da başga agyr ýagdaýlarda ýanýoldaşyna goldaw bermek
Kynçylykdan gaçman, çözgüt gözlemek ukyby
Sabyrlylyk we emosional durnuklylyk
6. Maliýe jogapkärçiligi
Işi we girdejisi barada açyk maglumat
Bar bolan bergiler we karzlar
Uly maliýe borçnamalary
Pul harçlamak endikleri
Maşgala býujetini bilelikde dolandyrmaga garaýşy
Tygşytlylyk we geljek üçin maliýe meýilnamasy
7. Geçmiş barada açyklyk
Öňki nika barada maglumat
Öňki nikadan çagalary bar bolsa, bu barada maglumat
Häzirki maşgala durmuşyna täsir edip biljek möhüm hukuk meseleleri
Ýanýoldaşyndan gizlenmeli däl möhüm maliýe ýa-da durmuş borçnamalary
8. Geljege garaýyşlaryň gabat gelmegi
Nirede ýaşamak isleýärler?
Çaga isleýärlermi we çaganyň terbiýesine nähili garaýarlar?
Är-aýalyň işlemegine we hünär taýdan ösmegine garaýyşlary nähili?
Daşary ýurtda ýaşamak ýa-da göçmek baradaky pikirleri
Dini, milli we maşgala gymmatlyklary
Geljek üçin esasy maksatlary
9. Nikadan öňki psihologik maslahatlaşmada bahalandyrylmaly ugurlar
Jogapkärçilik derejesi
Wepalylyga garaýşy
Sylag-hormat derejesi
Durmuş kynçylyklaryny ýeňip geçmek ukyby
Gahar-gazaby dolandyrmak ukyby
Ylalaşmazlygy medeniýetli çözmek ukyby
Empatiýa we ýanýoldaşyna düşünmek ukyby
Maşgala gurmaga psihologik taýdan taýýarlygy
Nika diňe iki adamyň biri-birini söýmegi däl. Sagdyn maşgala üçin söýgi bilen birlikde saglyk, ynam, wepalylyk, sylag-hormat, jogapkärçilik we kyn günlerde bile durup bilmek hem zerurdyr.

Related posts

Aşgabatdaky «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna haýsy awtobuslarda baryp bolýar?

Halaç etrabynyň ýaşaýjylary biometrik pasport üçin Kerki etrap bölümine ýüz tutmaly

Ynanç hatyny tassyklatmak

Dr.Döwran Orazgylyjov