PEÝDALY MASLAHAT

Oraza üçin amatly miweli desert

1litr süýt

2 nahar çemçesi un

2 nahar çemçesi krahmal

1 bulgur şeker

1 ýumurtganyň sarysy

1 sany krem şanti

1 sany wanilin

Miwe sousy üçin:

300 gram doňdurylan miwe (islege bagly zat) dürli miweler

Ýarym bulgur suw

3 nahar çemçesi şeker

1 çaý çemçesi krahmal

Krahmal açmak üçin 3 nahar çemçesi suw

Taýýarlanyşy:

Süýde krem şantiden başga ähli maddalary goşmaly we gowy garyşdyrmaly. Soňra otda gaýnaýança garmaly. 1-2 minut gaýnadyň we otdan almaly. 5 minutdan soň wanilin we krem ​​şanti goşup, garyşdyralmaly. Soňra 1 barmak boşlugy galýança käseleri dolduralmaly.

Miwe sousy üçin miweleriň üstüne suw, şeker we suw bilen açan krahmalymyzy guýup, 1-2 gezek gaýnatmaly. Soňra ony gaplarymyzyň üstüne guýup, sowadyjyda 3-4 sagat goýmaly. Işdäňiz açyk bolsun!

Türkmenistanyň milli ýygyndysyna täze tälimçi bellendi

Related posts

Türkmenistanyň Daşary Ýurtlardaky Diplomatik Wekilhanalary

Dr.Döwran Orazgylyjov

Aw baýlyklarynyň döwlet kadastryny ýöretmegiň tertibi barada…

«Türkmenpoçta» kompaniýasynyň täze binasy üçin bäsleşik yglan edildi