PEÝDALY MASLAHAT

Administratiw hukuk bozulmalar barada peýdaly maglumatlar

Administratiw hukuk bozulmalary barada işlere haýsy möhletde seredilmeli?

Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň resmi saýtynda bellenilşine görä, işe seretmäge ygtyýarly edara tarapyndan administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama (karar) we işiň beýleki materiallary alnan gününden on bäş gün möhletde administratiw hukuk bozulma barada işe seredilýär. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça goşmaça ýagdaýlary anyklamak zerur bolan halatlarynda işe seretmäge ygtyýarly edaranyň esaslandyrylan karary bilen işe seretmek möhleti bir aýa çenli uzaldylyp bilner. (Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň 544-nji maddasynyň 1-nji we 2-nji bölegi)

Döwlet migrasiýa gullugynyň täze Buýruklary: Biometrik Pasport

 

 

 

Related posts

Türkmenistan 2026-njy ýylyň önümçilik senenamasyny tassyklady

Türkmenistanda Şengen wizasyna ýüz tutýan raýatlaryň dykgatyna

Täze gurlan ýaşaýyş jaýlaryndan öýleri karzyna almak: Arkadag şäheri