DÜNÝÄ

Täjigistanyň Prezidenti Türkmenistana gelýär

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrýar. Bu barada Täjigistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

– Täjik tarapy bu saparyň taryhy sapar boljakdygyna ynanýar – diýip, daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin gürrüň berýär.

6-njy awgustda Täjigistanyň Prezidenti Hazar deňziň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşar.

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy 3-nji gezek geçirilýär. Mundan ozal, şeýle duşuşygyň birinjisi 2018-nji ýylyň martynda Gazagystanda, ikinjisi bolsa, 2019-njy ýylyň noýabrynda Daşkentde geçirilipdi.

 

2-nji awgustda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Related posts

Türkiýede täze adalat ministri wezipä bellendi

Ata Watan Eserleri

An international conference of ministers of transport began its work in Avaza

vepa

“Aýaks” – 120 ýyl!