Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonuň başlyklyk etmeginde Seul şäherinde “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” işewürlik sammiti geçirildi. Oňa bu ýurtda döwlet saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
Bu sammite Koreýa Respublikasyna döwlet sapary bilen gelen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, şeýle hem resmi sapar bilen gelen Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow gatnaşdy.
Günorta Koreýa we Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy söwda we maýa goýumlary, stratejik taýdan möhüm minerallar, energetika, infrastruktura we logistika ugurlarynda işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmek barada ylalaşdylar. Bu ylalaşyklar 16-njy sentýabrda Seulda geçirilen birinji «Koreýa – Merkezi Aziýa» işewürlik sammitinde gazanyldy.
Koreýanyň Söwda, senagat we serişdeler ministrliginiň habar bermegine görä, bu Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy bilen diplomatik gatnaşyklar ýola goýlandan bäri şeýle giň gerimdäki ilkinji köptaraplaýyn ykdysady çäredir.
İşewürlik sammitine Koreýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri, şeýle hem işewür toparlaryň we hökümetleriň 520-ä golaý wekili gatnaşdy.
Koreý tarabyna «Samsung Electronics Co», «POSCO», «LS Group», «Daewoo Engineering & Construction», «Shinhan Financial Group» we «Hyundai Motor» ýaly öňdebaryjy kompaniýalaryň ýolbaşçylary wekillik etdiler. Sammitiň «Ösüş we innowasiýalar üçin Koreýa Respublikasynyň we Merkezi Aziýanyň geljekki hyzmatdaşlygy» temasy astynda geçirilen ilkinji tanyşdyryş mejlisinde hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary we kompaniýalaryň sebitiň bazarlaryna çykmak mümkinçilikleri barada maslahatlar geçirildi.

Sessiýalar üç esasy ugura jemlendi:
-
söwdany we maýa goýumlaryny giňeltmek;
-
stratejik taýdan möhüm minerallar, energetika we üpjünçilik zynjyrlary çygrynda hyzmatdaşlygy berkitmek;
-
senagat desgalary, infrastruktura we logistika çygyryndaky taslamalary ösdürmek.
Söwda we maýa goýumlary çygrynda gatnaşyjylar häzirki wagtda esasan çig mala gönükdirilen haryt dolanyşygynyň gurluşyny diwersifikasiýa etmegi, şeýle hem gaýtadan işleýän senagatda maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmegi teklip etdiler.
Stratejik taýdan möhüm minerallar, energetika we üpjünçilik zynjyrlary çygyrynda Merkezi Aziýanyň baý mineral-çig mal we energetika binýadyny koreý kompaniýalarynyň tehnologik mümkinçilikleri bilen birleşdirmegiň ýollary maslahatlaşyldy.
Senagat infrastrukturasy we logistika çygyrynda energetika hem-de senagat desgalarynyň, şeýle hem aeroportlary we demir ýollary öz içine alýan ulag infrastrukturasynyň gurluşyk taslamalaryna koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagyny giňeltmek mümkinçiliklerine seredildi.
Maslahatlaşmalaryň netijeleri boýunça Koreýanyň Söwda-senagat palatasy we Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň öňdebaryjy ykdysady guramalary kompaniýalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy özara bähbitli binýatda ösdürmek niýetini berkidip, İşewürlik sammitiniň Bilelikdäki Jarnamasını kabul etdiler.
Prezident Li Çže Mýon sammitiň ýörite mejlisinde çykyş edip, Günorta Koreýanyň we Merkezi Aziýanyň bilelikde gülläp ösmeginiň zerurlygyny nygtady hamda hökümetiň işewürlik özara gatnaşyklaryny goldamaga taýýardygyny tassyklady.
19 sany işewürlik ähtnama gol çekildi
Sammitiň çäklerinde taraplar işewürlik hyzmatdaşlygy barada 19 sany ähtnama gol çekdiler. Olar stratejik taýdan möhüm minerallary, energetikany, infrastrukturany, senagat gurluşygyny, söwdany we maýa goýumlaryny öz içine alýar.
