MEDENIÝET

Alty setir goşgynyň güýji

Nowella

Söhbet obalaryndaky orta mekdebi üstünlikli tamamlanda Annamyrat mugallym oňa edebiýat sapagyndan aýratyn gowy ýetişýändigi üçin ýokary okuw mekdebine synanyşyp görmegi maslahat berdi. Ine, şeýdibem Sapa synaglary üstünlikli tabşyryp, paýtagtyň naýbaşy okuw mekdepleriniň biriniň talyby bolmak bagtyna eýe boldy.

Talyplyk Söhbediň alnynda täze bir dünýäni açdy. Dürli ýerlerden gelen deň-duşlary bilen tanyşlyk, mugallymlaryň berýän sapaklary onuň kalbynda täsin duýgulary oýardy. Ol her bir geçilýän sapaga gowy bahalar bilen ýetişmek üçin yhlas etdi. Orta mekdepde okaýan döwründe şygyr ýazmak bilen meşgul bolansoň, täze güýç bilen döredijilik dünýäsine aralaşdy.

Şeýle günleriň birinde Söhbede döredijilik bilen meşgullanýan ýyldaşy Merýem ýokary okuw mekdepleriniň birinde her aýda edebiýat agşamsynyň geçirilýändigini habar berdi. Bu habar Söhbetde oňa gatnaşmak islegini döretdi.  

Şol günden soň Söhbet Merýem bilen ýygy-ýygydan habarlaşyp, döredijilik hakynda pikir alşyp başlady. Şäherde önüp-ösüp, küýi-köçesi okamak bolan gyzyň poeziýa hakda pikiri çuňdy. Käte ol poeziýanyň özüne çekiji güýjüniň adamlary maýyl edip gülmäge, gözýaş dökmäge, azaşany täzeden ak ýola salmaga iterýändigi hakynda dürli gürrüňleri bererdi. Bir sapar onuň: «Lermontow «Bakjasaraý fontanyny» heniz ýedi ýaşynda ýazmaga girişipdir. Şonda dädesi oňa «Senden goşgy çykmasa gerek…» diýende ol möňňürip aglapdyr. Emma ýazmakdan el çekmändir. Şeýdip, ol bu goşgusyny 23 ýaşynda doly gutardym edipdir» diýen gürrüňi Söhbedi haýran galdyrypdy. Bir sapar bolsa ol Puşkiniň: «Goşgy ynsanyň öz ruhy dünýäsinden daşa çykmasydyr» diýen sözleri bilen Söhbediň ünsüni çekipdi.

Merýemiň tebigy gözelliginden ötri okymyşlygy Söhbetde oňa bolan hormaty artdyrýardy. Indi ol bir zat döretse ony ilki bilen Merýeme okap beresi gelýärdi. Şeýdip, ol kalbynda gyza bolan yşkyň döränini-de duýman galdy… Ýöne tebigy ýygralygy sebäpli ol gyza bolan yşkyny duýdurmagyň ebeteýini tapmady. Oýlandy-ölçerdi, ahyry bir günem çykalga tapdy. Ol bu tapan çykalgasyny kalbynyň pynhan ýerinde ýygşyryp goýdy…

Wagta geçip ine bir gün edebiýat agşamsynyň geçiriljek wagty hem golaýlady. Merýem ol çärä gitmäge hyýallanyp, bu hakda Söhbede esemes ýollady. Bu habar birbada Söhbetiň aňynda Merýem bilen bile gitmek pikirini oýarsa-da, soňra «Biri görse başgaça pikir eder…» diýip oýlandy.

Ertesi okuwdan soň Merýemden telefonuna jaň gelmegi Söhbediň kalbynda galpyldy döretdi. Ol gelen jaňa jogap bermäň ebeteýini tapman aljyraňly halda: «Bir işim çykdy. Sen baryber, menem ýetişjek bolaryn…» diýip, esemes ýollady.

Esemesi okan Merýemiň kalbyny Söhbet barada düşnüksiz pikirlar gaplap aldy. Ol öz ýanyndan: «Nämüçin ol soňky mahallar jaňyma jogap bermegiň deregine esemes ýollaýarka?..» diýip oýlandy. Emma ol kalbynda döreýän sowalyna jogap tapmady.

Söhbet edebiýat agşamynyň geçirilýän ýokary okuw mekdebine baranda Merýem eýýäm ol ýerdedi. Zal doly adam bolansoň Söhbet çekinjeňlik bilen yzky hatara geçmäge hyýallandy. Şol pursat çäräni geçiriji gyz oňa öňdäki hatarda boş ornuň bardygyny aýdyp, ol ýere geçip oturmagy teklip etdi. Şeýdip Söhbet göz-dilden çetde bolmagy göwnüne jaý görse-de, Merýemiň oturan hataryndaky, oňa ýakyn bolan boş orna geçip oturmaly boldy.

Çäräni alypbaryjy gyzyň keşbi özüne çekijidi. Başyndaky tahýasy, güýzän nar ýaly al öwsüp duran ýaňagy, burnunyň çep gapdalynda nokat ýaljak bolup duran garaja meňi, aýna ýaly ýalpyldap duran ikörüm saçy onuň keşbine aýratyn ýaraşyk berýärdi.

Söhbet gyzyň keşbinde nazarynyň eglenenini özi-de duýman galdy. Göwni  kireňsiz oba oglanynyň kalbyny tebigy gözellige bolan buýsanç gaplap aldy. Ol öz ýanyndan «Gözelligi göreniňde dünýä täzeden gözelleşen ýaly bolar ekeni» diýip pikir öwürdi.

Söhbediň üns bilen alypbaryjy gyza garap oturyşy Merýemiň kalbynda düşnüksiz duýgulary oýardy. Bu ýagdaýda ol nämüçindir özüni ünsden düşürilen ýaly duýdy…

Az salymdan çäräniň başlanmagy bilen oňa gatnaşyjylar öz ýazan goşgularyny okap ugradylar. Okalýan goşgular hakda pikir alyşmak erkin ýagdaýdady. Çekişmeler, dürli pikirler orta atylyp, şygryýetiň güýjüne baha berilýärdi.

Çäräni alypbaryjy gyzyň şygyr okamak nobatyny özüne bermegi Söhbedi birbada aljyrajak ýaly etdi. Ýöne ol tiz özüni ele alyp, ýany bilen getiren goşgusyny okamaga durdy. Goşgy sada dilde ýazylandy. Ol goşgusyny okap başlanyndan zalyň içine dym-dyrslyk aralaşdy.

Gum obasy. Sergin howa. Ümsümlik,

Kalplara dynç, syna aram berýärdi.

Dünýä ýüzi şäherleşse, bu ýerde,

Tebigy ýaşaýyş höküm sürýärdi.

 ***

Säher bilen hamyr ýaýylyp golda,

Yhlas bilen tamdyra ot goýberler.

Mele-myssyk çörek, ymyrganly çal,

Barabar bolansoň hurşa, eý görler.          

Ak ýagşy getirip çakan ýyldyrym,

Ak asmanda şaha-şaha yz eder.

Ýagyşdan soň parlap açylan güller,

Başyn yrap gözel gyz deý näz eder.

 ***

Tüýdügiň ýaň berýän şirin owazy,

Mukamydyr ak sähralaň ebedi.

Saklanýandyr onda ata-babalaň,

Eneleriň ýazylmadyk edebi.

 ***

Gyşy gyşdyr, göýä fotoapparatda,

Düşürlen surat deý doňar töwerek.

Ak gyşlar getirer berekedini,

Kä guraksy gelýän ýyllara derek.

 ***

Enäň gujagy deý mähribandyr ol,

Jennete-ereme taýdyr ol meger.

Myhman bolup baran oňa bir sapar,

Ýene-de gum oba gelesi geler.

Goşgy tamamlanan badyna zalyň gowry artdy. Söhbet ýerine geçip oturmaga hyýallandy. Şol pursat Merýemiň gözleri alypbaryjy gyzyň Söhbet tä ýerine geçip oturýança adaty bolmadyk mähir bilen oňa garaýan gözlerine düşdi. Bu ýagdaý onuň kalbynda öňki dörän duýgusyna güýç beren ýaly etdi…

Pikir alyşmada Söhbediň goşgusyna gowy baha berildi. Onda oba mahsus bolan gyzykly durmuşyň beýan edilendigi adyldy. Bu ýagdaý Söhbediň has tijenip gowy goşgulary döretmnäge bolan höwesini artdyrdy.

Çäre tamamlanyp ol ýerden gaýdyljak mahaly Merýem Söhbediň ýüzüne    köpmanlyly garap şeýle diýdi.

– Gowy goşgy eken. Hemmelere ýaran ýaly…

Söhbet ak göwün bilen:

– Sagbol, ile ýarasa zähmetiň ýerine düşen ýaly bolýa – diýip minnetdarlygyny bildirdi.

Ol ýerden gaýdyljak mahaly Söhbede kalbyndaky duýgusyny gyza aýtmaga amatly pursat bolsa-da, ýaýdanjaňlygy ýol bermedi. Şeýdip ol Merýeme ýolda ýene birýana sowuljakdygyny mälim etdi. Bu ýagdaý Merýemde “Söhbediň çäräni alypbaryjy gyz bilen görüşmek pikiri bardyr…” diýen pikiri döretdi. Ýöne birden özüne intizar nazar bilen garap duran ýigidiň:

–  Şu goşgyny okap, pikiriňi aýdaýsaň – diýmegi gyzy içki pikirinden sowdy. Şol pursat birden Merýemiň ýüregi birzady duýan ýaly boldy. Ol özüne uzadylan eplengi kagyzy alyp, elindäki depderçesiniň gatyna saldy. Yz ýanyndan-da:

– Özüň okap berseň gowy bolardy – diýdi. Soňam jogaba garaşman: – Ýöne wagtyň ýok bolsa, onda okap, pikirimi aýdaryn – diýdi…

Söhbet üstünden agyr ýük aýrylan ýaly, ol ýerden tizräk gaýdanyny kem görmedi.

Merýem ýola düşüp gaýdyp gelýärkä kalby birzat syzan ýaly ýolgyradaky dyzeperde (skameýka) oturyp, Söhbediň gowşuran goşgusyny okamaga howlukdy. Ak kagyzyň ýüzünde şeýle setirler bardy:

Mawy gözleň gözlerimde eglendi,

Elwan keşbiň orun aldy kalbymda.

Razy men ykbaldan duşursa saňa,

Ýyldyz bolup şöhle saçsaň alnymda.

Ejap edip, aýtmaň tapmamsoň tärin,

Men diýdim: düşündir setirlem baryn…

Merýem sünnä bilen ýazylan setirleri okap, oýa batdy. Goşgynyň ady ýokdy. Ýöne şeýle-de bolsa, gyza onuň ýigit kalbynyň owazydygy äşgär boldy. Ýöne  «Nämüçin Söhbet muny atsyz ýazdyka?» diýen sowal gyzyň bilesigelijiligini artdyrdy. Şeýdip ol goşga ýene bir ýola göz gezdirip, ony gaýtadan ýuwaşjadan okap çykdy.

Birdenem garaňky jaýda yşyk ýanan ýaly goşgyň atsyz ýazylanynyň sebäbini ondaky pynhan setirler gyza aýan etdi. Goşgyň her setiriniň baş harpyny dikligine goşup okan gyz onda öz adynyň emele gelýändigini gördi. Bu ýagdaý gyzyň ýüreginiň gürsüldisini artdyrdy. Göz alnynda älem-jahan – daş-töwerek gözel keşbe giren ýaly, tasin duýgulara berlip, özünde adaty bolmadyk ýeňilligi duýdy. Şeýdip ol içki dünýäsine berlip öýüne ýetenini-de duýman galdy…

***

Talyplygyň gyzgalaňly günleri dowam edýärdi. Merýemden hiç-hili jogap bolmazlygy Söhbetde gyz öz sözüni kabul eden däldir diýen pikiri döretdi. Bu howsalaly pikir bilen ol Merýemiň gözünden çetde bolmaga çalyşdy. Şeýle ýagdaýda oň kalby rahatlyk tapan ýaly bolýardy. Ýöne barybir gyzdan jogap bolmazlygy kalbyna gussa berýärdi. Käte bolsa ol gyz nazaryna nazary kaklyşaýsa, şobada ondan ünsüni sowup, öz galpyldyly göwnüne rahatlyk bermäge çalyşýardy. Gyz bolsa sada oba oglanynyň özüne mähir bildirmegini bagtyň özüne gülüp bakmasy hökmünde kabul edip, ýakymly duýguar bilen ýaşaýardy.

Şeýle günleriň birinde ýene edebiýat agşamynyň geçirilýän wagty ýetip geldi. Söhbet ol çärä gatnaşmak üçin Merýem bilen habarlaşmagyň ebeteýini tapmady. Merýem bolsa öz ýanyndan “Eger bile gitjek bolsa, özi habar eder” diýip oýlandy. Emma ol ýere olaryň hersi aýratynlykda barmaly boldy.

Söhbet ol ýerde baryp, yzky hatardaky boş orunlaryň birinde ornaşdy. Soňra  zala göz gezdiren ýigidiň idegli gözi Merýemiň öňdäki hatarlaryň birinde oturanyna düşdi.

Çäre başlap, geljegine umyt baglanýan ýaşlar dürli ugurda döreden şygyrlaryny okadylar. Olar hakda pikirler aýdyldy. Ahyry wagt tamamlanyp, ol ýerden gaýdylyp ugraldy. Şol wagt Söhbet gapydan çykmakçy bolanda ýakyn aralykda Merýemiň bir gyz bilen özara gürleşip duranyna gözi düşdi. Şol pursat çäräni alypbaryjy gyzyň özüne biraz aýak çekmegi haýyş edip ýüzlenmegi Söhbediň garap duran nazaryny Merýemden sowdy.

Söhbet çäräni alypbaryjy gyzyň deňinde aýak çekdi. Gyz mähir bilen oňa ýüzlendi.

– Siziň döredýän goşgularyňyz aýratyn täsirli. Ýogsa-da, meň adym Meýrem. Belki siz wagtyňyz bolsa, geljekde şu agşamy geçirmäge kömegiňiz deger?!. Tüweleme, deň-duşlarymyzyň şygryýete bolan islegi uly. Her aýda şeýdip, zehinlileri ýüze çykarsak uly iş etdigimiz boljak.

Söhbet gyza geljekde hyzmatdaş boljakdygyny aýtdy. Şeýdip gyz oňa öz telefon belgisini bellemegini sorady. Söhbet ak göwün bilen gyzyň aýdan belgisini belledi.

Bir gyrada gürleşip duranda bolsa, Merýem olaryň arasynda bolup geçýän ýagdaýy gabak astyndan görüp durdy. Bu ýagdaý onda gabanjaňlyk döretdi. Söhbediň bolsa bu ýagdaýdan habary ýokdy. Az salymdan dürli pikirlere ulaşan Merýem ýanyndaky boýdaşy bilen hoşlaşyp, ol ýerden çykyp gaýtdy. Söhbet hem aýra, öz içki dünýäsine gümra bolup gaýtmagy göwnüne jaý gördi. Öz ýanyndan Merýem araky haty üçin nägilelik bildirer diýen gorkusy ony ondan aýra gitmäge iterdi.

Söhbet gaýdyp gelýärkä edebiýat agşamsyny alyp baryjy gyzyň adyny içinden birnäçe sapar gaýtalady: «Merýem – Meýrem. Ikisem bir at. Ýöne käte Merýeme Meýrem diýip dakylýan gezekleri-de bar» diýip oýlandy.

Aradan birnäçe gün geçdi. Soňky günler Söhbet ýüregi durman bir aýgyda gelip Merýeme birnäçe sapar jaň etse-de, Merýem Söhbetden gelýän telefon jaňlara jogap bermedi. Bu ýagdaý Söhbedi iňkise goýdy. «Işi köpmükä? Belki şeýledir. Ýöne… ýöne şonda-da telefona jogap bermäge wagt tapyp bolardy…» diýip pikir öwürdi. Merýemiň bolsa kalbyny gabanjaňlyk gurşapdy. Ol Söhbediň araky gyz bilen mähirli gürleşýänine soňam birnäçe gezek gabat gelensoň, göwnüne sowuklyk aralaşypdy.

Wagt geçip, Merýemiň doglan güni golaý geldi. Söhbet öz ýanyndan ony   gutlamak isledi. Bir sowuklygyň bardygyny kalby duýýan ýigit şeýtse Merýemiň göwnüniň açyljakdygyna öz ýanyndan ynandy. Telefon jaňlaryny almansoň ony goşgy bilen gutlamak kararyna geldi. Emma bu günlerde oň kellesine hiçbir şygyr setirleri gelmedi. Onsoň ol Merýemiň doglan güni säher bilen okuwa gitmeziniň öňüsyrasy gyssanmaçlyk bilen telefonundan oňa şol öňki ýollan goşgusyny ugratdym edip, umutly halda okuw mekdebine tarap ugrady. Emma Merýem oňa ne goşgyňy aldym, ne-de başga bir zat diýdi.

Aradan iki gün geçdi. Ahyry Söhbet Merýem bilen görşüp, onuň bilen ýüzbe-ýüz gürleşmek kararyna gelip, bu hakda oňa birnäçe sapar esemes ýollady. Ahyry gyzdan ertir seýilgähe barjakdygy hakyndaky habary aldy. Bu habar Söhbediň kalbyny begenç bilen bir hatarda galpylda baglady. Şol gün agşam ol uzak gije pikir edip geçirdi.

Ertesi Söhbet seýilgähe baryp, il gözünden çeträkde dyzeperde ornaşdy. Garaşdyra-garaşdyra ahyry Merýemiň ýetip gelýänine gözi düşüp, onuň ýüreginiň galpyldysy artdy. Gyz gele-gelmäne wagtynyň çäklidigini aýdyp gürrüňi şundan başlady:

– Sen gabanjaňlyga nähili garaýaň?

Göwni kesapatsyz ýigit göwnüne gelşi ýaly jogap berdi:

– Birmahal dana kişileriň biriniň «Gabanjaňlyk ynsana bagt getirmez» diýen sözlerini okapdym.

Merýem biraz dymdy. Birdenem:

– Sen gabanyp görüpmidiň? – diýdi. Söhbet:

– Ýok. Ynam bolan ýerde gabanç döremez.

Bu söz Merýemiň gabanmak hakdaky pikirine nokat goýdy. Ol «Men muny ýersiz ýere gabanan bolmaly» diýip pikir öwürdi. Şeýdip ol edebiýat agşamsyny alyp baryjy gyz bilen Söhbediň arasyndaky gatnaşyk hakda dil ýarmakdan saklandy.

Gyz gyssanmaç diýenem bolsa, olaryň gürrüňi esli wagta çekdi. Göwünler ýaz gününiň howasy ýaly bark urdy. Köňüller bir ýola düşüp, yşkyň güýji bilen arzuwly menzillere rowan boldy.

Göwni aram tapan gyz hoşlaşyp gaýtmaga häzirlendi. Edil şol mahal Söhbediň telefonuna gelen jaň olaryň hoşlaşygynyň arasyny böldi. Gelen jaň Meýremdendi. Birden Söhbetde aljyrama, ýüzünde gyzarma alamaty peýda boldy. Merýem ýanynda duransoň ol onda güman döremezlik maksady bilen telefonunyň ses gataldyjysyny güýçlendirip gürleşip ugrady.

– Salam.

– Salam.

– Gowymy ýagdaýyňyz?

– Şükür gowy.

– Wagtyňyzy almaýyn, düýnki ýollan goşgyňyzy gowy görendigimi aýtmakçy boldum. Minnetdar, köp sagboluň!

Söhbet aljyraňly halda:

– Haýsy goşgy? – diýende onuň sesiniň mese-mälim üýtgändigi duýuldy.

Telefondan mähir bilen eşidilen:

– Goşgydaky setirler pynhan ýüregiň syryny aýan etdi… – diýen ses Söhbediň bar güýjüni alan ýaly etdi. Ol aljyrap näme ederini bilmän gürrüňiň arasyny kesdi…

Bolup duran ýagdaý eşidip duran Merýemiň ýüzi gamaşyp, kalbyndaky ýaz howasynyň ornuny çapgynly sowuk ýel eýeledi. Söhbediň jaň edýän bilen hoşlaşman gürrüňiniň arasyny kesmegi onda «Bi şol edebiýat agşamsyny alyp baran gyz bolmaly…» diýen pikiri döretdi. Soňam onuň diline gelen söz su boldy:

«Temen haltada ýatmaz» diýip ýöne aýtmandyrlar. Bu «oýnuňy» bagyşlar öýtme!..

Göwni sal üstünde galan Söhbet hernäçe:

– Dur, dur, düşünişeli! – diýse-de, gyz gulak asman ara açyp gitdi.

Bolan zatlara akyl ýetirip bilmän Söhbet özüni gyradaky dyzepere goýberdi. Pikire çümüp: «Be, bu nähili beýle bolýa? Meýrem haýsy pynhan setir hakda aýdýarka?..» diýip oýlandy. Birdenem onuň ýadyna telefonüsti bilen iberen esemeslerini barlamak düşdi. Agtaryp oturyşyna Merýeme yşkyny beýan etmek maksady bilen bireýýäm iberen goşgusyny gördi. Soň bolsa oň yz ýanynda Meýreme hem şol goşgyny ibereni göründi. Telefondaky sene esemes iberilen günüň hut Merýemiň doglan güni iberilendigini tassyklap durdy. Söhbet «Wah, ýalňyşlyk goýberipdirin…» diýip, ahmyr bilen seslenenini özi-de duýman galdy.

Indi ahmyryň peýdasy ýokdy. Boljak iş bolupdy. Birdenem ol goşgyny täzeden gözden geçirdi-de, ara açyp gözden ýiten gyza gyssanmaç halda: «Goşgyň setirleri kime bagyşlanandygyny aýdyp durandyr, täzeden oka» diýip esemes ýollady. Salym geçmänkä gyzdan oňa «Hakykatdan-da, ol şeýle eken. Bagtyňy jaň eden gyzdan agtar!» diýen esemes habary geldi.

Goşga ýene bir ýola täzeden göz gezdirip otyrka birden Söhbediň gussaly ýüzünde täsin galmak alamaty peýda boldy. Ondaky setirleriň baş harpyny dikligine goşup ýokardan aşaklygyna okasaň MERÝEM, aşakdan ýokarlygyna goşup okasaň bolsa, MEÝREM diýen at emele gelýärdi.  

Mawy gözleň gözlerimde eglendi,

Elwan keşbiň orun aldy kalbymda.

Razy men ykbaldan duşursa saňa,

Ýyldyz bolup şöhle saçsaň alnymda.

Ejap edip, aýtmaň tapmamsoň tärin,

Men diýdim: düşündir setirlem baryn…

Goşgyny gözden geçirip bolan badyna Söhbediň ýadyna arada edebiýat agşamsyny bile geçirenlerinde Meýemiň «Meň adym Merýemem bolsa, deň-duşlarym Meýrem diýensoň il içinde Meýrem bolup galdy» diýen sözleri düşdi. Soňam «Hä-ä, diýmek goşgyny haýsy babatda okasa-da öz adynyň emele gelmegi oňa onuň özüne ýazylandygyna ynanmaga esas döredipdir-ow…» diýip uludan demini aldy.

Soň ýigit eden säwligini ýatlap ýaňy ýanyndan kepderi deý uçup giden Merýemiň birmahal käte poeziýanyň özüne çekiji güýjüniň adamlary maýyl edip gülmäge, gözýaş dökmäge, azaşany täzeden ak ýola salmaga hem güýjüniň ýetýändigi hakynda aýdan gürrüňini ýadyna salyp, umyt bilen ýola düşdi…

                                                                             Atamyrat ŞAGULYÝEW.

Related posts

22-27-nji iýun aralygynda Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Medeniýet hepdeligi we nobatdaky açylyş dabaralary

Milliarder Baffet bilen agşamlyk naharyň bahasy 19 million dollar

Ata Watan Eserleri