Her bir ýatlamanyň ýazylmagyna haýsydyr bir zat sebäp bolýar. Ýene-de saçakda gowurma goýuldy welin, Ejegyz gelneje bilen bagly bir pursat ýadyma düşdi. Şonuň üçin aslynda bu gezek Ejegyz gelneje hakynda ýatlama ýazmak pikirindedim. Onuň bilen kän ýyl bile işledik. Redaksiýamyz aýry bolsa-da iş otagymyz ýakyndy. Bir gün arakesmede ýanyna bardym. Günortanlyk edinip otyrdy. Hödür etdi. Duzundan datdyk. «Gowurmaňyz tagamly taýýarlanypdyr» diýdim.
— Töweregimizde biri taýýarlap satýar. Tagamly hem bahasy arzan bolansoň, satyn alýan — diýdi. Kärdeşler bolup ýerli-ýerden:
— Kyn görmeseňiz bize-de getirip beräýiň, gelneje! — diýip haýyş etdik.
— Bolýa-bolýa, kynlygy ýok, ulag göterýär — diýdi.
Pahyryň jaýy jennet bolsun! Özi ulag sürýärdi. Şeýdip ýaltanman sargan wagtymyz telim gezek möhümimizi bitirdi.
Aý ýarym töweregi wagt geçdi. Bir gün zaldan ýöräp barýardym. Nätanyş bir ýigit salam berdi-de:
— Gelneje, şu ýerde bir gowurdak satýan daýza bolmaly, haýsy otagda oturýar? — diýip sorady. Ýylgyryp Ejegyz gelnejäniň ýanyna baryp aýtdym. Ol iş otagyndan daş çykyp ýigit bilen gürleşdi-de, ol gidensoň:
— Bütin ömrümi döredijilige, žurnalistika bagyşladym, iň soňunda-da «gowurdak satýan daýza» diýildi welin, birhili göwnüme ýaramady-la gyz — diýip jak-jak güldi. Şondan bäri uly malyň garyn-içegesinden taýýarlanan gowurma görsem Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň altyn Asyry» bäsleşiginiň iki gezek ýeňijisi, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Ejegyz Ataýewna Çaryýewa ýadyma düşýär. Onsoň ol barada ýatlama ýazmak maksady bilen döredijiligi hakynda maglumat toplamagyň ugruna çykdym. Onuň 2019-njy ýylda çap bolan «Ylma bagyşlanan ömür» atly kitaby gabat geldi. Kitabyň ilkinji sahypasyny gözden geçirip gysgajyk mazmuny bilen tanyşdym. Şonda «Bu kitapça öz ukyp-zehinini, ömrüni boýdan-başa topraga bagyş eden, agrohimiýa ylmy boýunça ýurdumyzda ilkinji we ýeketäk oba hojalyk ylymlarynyň doktory, professor we agrar ylmyna siňdiren halal yhlasy bilen ata Watanymyzyň oba hojalyk pudagynyň ylmy derejede ösüşleriniň taryhyna täze sahypalar ýazmagy başaran, alymlaryň, kärdeşleriniň hakydasynda hemişelik orun tutan we diňe bir häzirki günde däl, geljekde-de uly hormat bilen ýatlanyljak alym, beýik adamkärçilikli adam Orazmyrat Garahanow hakyndaky bar bolan maglumatlar we ol barada gazet-žurnallarda çap edilen materiallar toplanyldy» diýen ýazgy bar. Şol ýazgydaky: «Agrohimiýa ylmy boýunça ýurdumyzda ilkinji we ýeketäk oba hojalyk ylymlarynyň doktory, professor…» diýen jümle diýseň täsir etdi. Onsoň kitaby çalasynlyk bilen gözden geçirdim. Ilki bilen foto suratlaryny synladym. Soňra ýazgylaryna göz aýladym. Özüne çekiji sözbaşylar bilen gysgajyk-gysgajyk ýazylan ýazgylar kitapdan ünsümi aýyrmady. Birden «46 ýyllap gözlenen surat» atly makala gözüm düşdi. Derrew okap çykdym hemem bir parçany göçürip aldym:
«…Atasynyň suratyny tapmak, ol hakda degişli ýerden gerekli maglumat almak ýatsa-tursa, onuň ýadyndan-küýünden çykanokdy.
Surat meselesinde-hä onuňky ahyr soňunda ugruna boldy. Şol gözläp ýörşüne, ol suraty atasynyň Balkan welaýatynda ýaşap, işläp ýören inisi Meretmuhammet Garahanyň maşgala albomyndan tapdy. Şol gün bularyň maşgalasyna hut Sapar Garahanyň özi gaýdyp gelen ýaly boldy. Dagy näme, ýalňyz käbesiniň hemaýaty bilen bilim alan, alymlyk derejesine ýeten, 52 ýaşy arka atan Orazmyrat Sapar ogly kyblasynyň didaryny ilkinji gezek şol gün görüpdi. Şol pursatdaky didelerden çogan gözýaşlarda hem müň arman, hem-de «Hernäme bolsa-da, suratda keşbini görüp durma-ga nesip etdi» diýen begenç bardy. Ondan soňam Çarymyradyň atasyny, dogan-garyndaşlaryndan Juma Aýdogdyny, Mädäli Tegelegi, Annamuhammet Janmyrady, Annaoraz Garahany soraglap hat ýazmadyk ýeri galmady.
Saparyň gulluk eden 87-nji aýratyn atyjylyk türkmen brigadasynyň söweşe gatnaşan ýerleriniň ählisine diýen ýaly, Türkmenistanyň çägindäki degişli ýerlere, metbugata, Sankt-Peterburgdaky harby-medisina muzeýiniň arhiwine, resminamalary öwreniş we arhiw işleriniň Bütinrussiýa ylmy-barlag institutyna, Russiýanyň Goranmak ministrliginiň Podolskidäki arhiwine, …garaz, onlarça ýere iberilen hatlara diňe «Siziň ataňyz starşina Garahanow Saparyň 1944-nji ýylyň mart aýynda dereksiz ýitendigini habar berýäris», «Ataňyzyň dogany uly seržant Juma Aýdogdynyň 1943-nji ýylda dereksiz ýitendigini…» diýen jogaplar geldi. Sapar Garahanyň kowçumyndan Watan goragyna gidip, gahrymanlarça söweşen gerçekleriň 7-sinden diňe Seýitli Garahan sag-aman dolanyp geldi. Seýitli aga diýseň sowatly, ýöne juda agras adamdy, ol başdan geçiren ganly söweşleri hakda, agyr ýaralanan wagtlary nähili jebir görendigi hakda asla dil ýarmazdy. Şahyr Gurbannazar Ezizowyň:
«Diriler gezip ýör gysyp dişlerin,
Ölenleň ölmüne sebäpkär ýaly» diýşi ýaly, megerem, oňa şol agyr jeňleri ýatlamak, köpüsi gözüniň alnynda, käbiri bolsa goltugynda jan beren armanly, namyrat gerçekleri ýatlamak agyr düşýändir, belki, ony ýat topragy ýassanyp, baky uka giden mähribanlarynyň ýitgisi dymma edendir…
Ýöne özi gürrüň bermese-de, onuň alan sylaglary — «Gyzyl Ýyldyz» ordeni, «1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Germaniýadan üstün çykandygy üçin» diýen medaly, «Watançylyk urşy» ordeniniň I derejesi onuň neneňsi söweşendigi barada, urşuň başyndan tä aýagyna çenli söweşiň öň hatarynda, esgerleriň başyny çekip, duşmana garşy gülle kimin çawup öňe okdurylandygy barada sessiz «gürrüň» berýärdi…»
Makaladaky duýgulara gaplan ýatlamalar pikirimi üýtgedip, kitabyň esasy gahrymany Orazmyrat Garahanow hakynda ýatlama ýazmagyma sebäp boldy.
Sebäbi üstünden ençeme ýyllar geçse-de şol ganym urşuň ýüreklere salan bitmez ýarasy henizem ýitenok. Orazmyrat aganyň çagalyk ýyllary ýeňil geçmändir. Ýaňky makalada beýan edilişine görä, onuň kakasy Sapar Garahanow 24 ýaşyndaka 1941-1945-nji ýyllaryň urşuna gidip, soňra-da oňa dogduk Watanymyza dolanyp gelmek miýesser etmeýär. Öz ýanymdan: «Kakasy 24 ýaşynda urşa giden bolsa, Orazmyrat aga şo mahal näçe ýaşyndaka?» diýip pikir etdim. Onsoň terjimehaly bilen gyzyklandym.
Ol 1938-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Ahal welaýatynyň Artyk obasynda daýhan maşgalasynda doglan. 1947-1957-nji ýyllar aralygynda Aşgabat raýonynyň Aşgabat obasyndaky 7-nji orta mekdepde bilim alýar. Mekdebi tamamlan ýyly hem Türkmen oba hojalyk institutynyň agronomçylyk fakultetine okuwa girip, 1962-nji ýylda-da okuwyny üstünlikli tamamlaýar we şol ýyldan oba orta mekdebinde biologiýa we oba hojalygynyň esaslary dersinden okadýan mugallym bolup zähmet ýoluna başlaýar. Soňra 1963-nji ýylda Türkmen ekerançylyk ylmy-barlag institutynda dürli wezipelerde işleýär we 1964-nji ýylda Aşgabadyň agrohimlaboratoriýasynda toprakçy-agrohimik bolup zähmet ýoluny dowam etdirýär. 1971-2004-nji ýyllar aralygynda Türkmen ekerançylyk ylmy-barlag institutynda, 2004-2013-nji ýyllar aralygynda Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde dürli jogapkärli we ýolbaşçy wezipelerde işleýär. Ol 1966-1970-nji ýyllar aralygynda Moskwa şäherindäki Bütinsoýuz dökün we agrotoprakçylyk ylmy-barlag institutynyň aspiranturasynyň gündizki bölüminde okaýar we 1970-nji ýylda Türkmenistanyň Ekerançylyk ylmy-barlag institutynyň agrohimiýa bölüminde kiçi ylmy işgär, 1971-1980-nji ýyllar aralygynda bolsa, şol institutyň uly ylmy işgäri bolup işleýär. Ol 1971-nji ýylda oba hojalyk ylymlarynyň kandidatlyk dissertasiýasyny Moskwada gorap, 1972-nji ýylda-da oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty alymlyk derejesini alýar. 1974-nji ýylyň dekabr ayynda oňa ýokary attestasion komitet «agrohimiýa hünäri boýunça «uly ylmy işgär» diýen alymlyk adynyň attestatyny berýär. Şeýle hem ol 1976-njy ýylda SSSR-iň halk hojalygynyň gazananlarynyň sergisiniň medaly bilen sylaglanýar.
Alym Orazmyrat Garahanowyň arhiw maglumatlarynyň arasynda oňa dürli ýyllardaky işlän edaralaryndan berlen hormat hatlary-da bar. Oba mekdebinde zähmet ýoluna başlan mahalynda sylaglanan hormat hatyny okanyňda Orazmyrat aganyň ýaşlykdan işjanlylygy, işine jogapkärçilikli häsiýeti, uly bilen uly ýaly, kiçi bilen kiçi ýaly gürleşmegi başarýan belent adamkärçiligi häsiýetlendirilýär. Ine, diňe şu mysalyň özünden onuň çagalykdan öz döwrüniň kynçylykly günlerini başdan geçirip durmuşda taplanan gaýratly, maksada okgunly her bir kynçylygy ýeňip geçmäge ukyply häsiýetini göz öňüňe getirip bolýar. Şonuň üçin onuň durmuş hem zähmet ýoly baradaky maglumatlaryny uly buýsanç hem gyzyklanma bilen okadyk.
Orazmyrat aga 1980-1989-njy ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Ekerançylyk ylmy-barlag institutynyň ösümlikleriň agrohimiýasy we fiziologiýasy sektorynyň müdiri bolup işleýär. Ol ylmy işiniň daşyndan jemgyýetçilik işlerine-de işjeň gatnaşýar. Şonuň üçin ol 1987-1989-njy ýyllarda halk deputatlarynyň Aşgabat oblast sowetiniň deputatlygyna saýlanylýar. Işine ussat alym 1989-1992-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Ekerançylyk ylmy-barlag institutynyň pagtaçylyk bölüminiň müdiri, 1992-1993-nji ýyllar aralygynda TOHYA-nyň biologiýa synag we ösümlikleri goramak ylmy-barlag institutynyň «Ekin dolanşygy we ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak» laboratoriýasynyň müdiri, 1993-1995-nji ýyllar aralygynda şol institutyň direktory wezipelerinde işleýär.
Öz hünärine ylahydan berlen ýiti zehinli alym Orazmyrat Garahanow 1993-nji ýylda oba hojalyk ylymlarynyň doktory dissertasiýasyny Aşgabatda goraýar we 1994-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Ýokary attestasion komitetiniň Karary bilen agrohimiýa hünäri boýunça Oba hojalyk ylymlarynyň doktory diýen alymlyk derejesiniň diplomyna eýe bolýar.
Saýlan hünärini ylym bilen baglan Orazmyrat aganyň zähmet ýoluna ser salanyňda hakykatdan-da onuň halkymyzyň öňünde bitiren işleriniň juda uludygyna göz ýetirip bolýar. Mysal üçin geçen asyryň 70-nji ýyllarynda Türkmenistanyň hökümetiniň Karary bilen türkmen halkynyň taryhynda ilkinji gezek 25 müňe golaý makala ýerleşdirmek bilen umumy göwrümi azyndan 300 çap listden-de gowrak on tomdan ybarat bolan Türkmen Sowet Ensiklopediýasyny düzmek boýunça döredilen ylmy redaksiýalaryň oba hojalyk pudagy boýunça zehinli ýaş alym Orazmyrat Garahanow agzasy bolup, giň okyjylar köpçüligine köp taraplaýyn sprawoçnik edebiýat çeşmesiniň döremegine gatnaşýar. Şol ensiklopediýa häzirki günlerde-de iň bir ürç edilip okalýan ýygyndylaryň biri.
Alymyň mundan başga-da bitiren işleri sanardan kän. Onuň uzak ýyllaryň dowamynda geçiren ylmy barlaglarynyň netijesi boýunça ýazan her bir kitapçasy agrar pudagynyň işgärleri üçin gymmatly ylmy çeşme bolup, olar tarapyndan giňden önümçilige ornaşdyrylypdyr. Onuň «Dökünleri ulanmak barada gollanma» atly kitapçasynda dökünleriň, aýratyn-da köp ulanylýan mineral dökünleriň düzümleri we häsiýetleri, şonuň ýaly-da olaryň saklanyş hem peýdalanyş tärleri hakynda degerli maslahatlar giňişleýin beýan edilýär. Orazmyrat aga Türkmenistanda topraga agrotehniki taýdan yhlasly hyzmat edip, bol hasyl almak babatda daýhana, ekerança maslahat bermek boýunça az sanly hünärmenleriň biridir. Onuň bu mesele boýunça ýazan ylmy çeşmeleriniň sany 320-den-de geçýär.
Ýurdumyz Garaşsyzlygyny alanyndan soňra ylmy tejribeler bilen tanyşmak, özara pikir alyşmak maksady bilen geçirilýän halkara maslahatlarynda çykyş etmek üçin daşary ýurtlara iş saparlaryna gidýän türkmen alymlarynyň toparynda Özbegistanyň Daşkent, Gazagystanyň Alma-ata ýaly şäherlerinde, Türkiýe, Eýran, Siriýa, Müsür ýaly ýurtlarda bolup ol ýerleriň alymlary bilen toprakdan alynýan hasyly ýokarlandyrmak meselesinde gymmatly tejribe alyşmaga gatnaşan alymlaryň biri. Ömrüniň 50 ýylyny agrar ylma bagyşlan alym Orazmyrat Garahanow türkmeniň oba hojalygyny ösdürmek, daýhanlaryň az çykdajy bilen köp hasyl almaklary üçin sanardan kän iş bitiripdir. Ol barada dürli ýyllardaky çap bolan döwürleýin neşirlerde ýazylan makalalardan hem bilip bolýar. Alymyň ýazan ylmy makalalary diňe bir ýurdumyzda däl, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda agza bolup durýan döwletleriň, merkezi Aziýa döwletleriniň birnäçesiniň gazet-žurnallarynda çap edilýär.
Ylmy gözlegler esasynda alnan netijeler, ýetilen sepgitler ilki bilen-ä ekin meýdanlaryna gyşyn-ýazyn daýhanlar bilen deň baryp, deň gaýdyp, onsoňam ençeme gijäniň ukusyny terk edip, barlaghanalarda geçirilen tejribeleriň synaglarynyň miwesidir. Ýokary ylmy derejeler ýöne ýere berilmeýär. «Professor Orazmyrat Garahanow 320-den gowrak ylmy işiň, şol sanda bir sany okuw kitabynyň, 4 sany monografiýanyň, 39 sany kitapdyr kitapçalaryň, 128 sany ylmy makalalaryň awtorydyr. Alymyň ylmy işleriniň 35-si oba hojalygynyň önümçiligine ornaşdyrylan» diýlip arhiw ýazgylarda maglumat berilýär.
Imany hemra bolsun! Orazmyrat aga öz hünäri boýunça ençeme şägirtleri ýetişdiren alym. Ol 2004-2005-nji ýyllar aralygynda S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň pagtaçylyk, gallaçylyk we ösümlikçilik kafedrasynyň müdiri, 2005-2006-njy ýyllar aralygynda şol ýokary okuw mekdebiniň pagtaçylyk, gallaçylyk we ösümlikçilik kafedrasynyň uly mugallymy, 2007-2008-nji ýyllar aralygynda ýene şol uniwersitetiň «Pagtaçylyk» fakultetiniň «Pagtaçylyk» kafedrasynyň uly mugallymy, 2008-nji ýylyň 19-njy martynda-da şol iş ýeriniň professory bolýar hem 2008-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky ýokary geňeşi tarapyndan oňa Professoryň attestaty berilýär.
2011-nji ýylda ilkinji gezek ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, oba hojalyk toplumynyň hünärmenleri, kärendeçileri üçin niýetläp, gowaçany ösdürip ýetişdirmegiň ylmy esaslary we öňdebaryjy tehnologiýasy giňişleýin hem-de toplumlaýyn beýan edilen on alty bölümden ybarat bolan giň göwrümli «Pagtaçylyk» atly okuw kitaby neşir edilýär. Ol bu kitabyny bäş ýylyň dowamynda ýazýar. Gije-gündiz halkym, Watanym diýip jany-teni bilen işlän alym 1994-2000-nji ýyllar aralygynda «Türkmenistanyň Oba hojalygy» žurnalynyň redaksiýasynyň agzasy bolýar. 1995-1996-njy ýyllarda Ekerançylyk we bagçylyk institutynyň direktorynyň birinji orunbasary, 1996-njy ýylda şol institutyň direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji, 1996-1997-nji ýyllarda TOHYA-nyň oba hojalyk ylmy-barlag institutynyň direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji, 1997-1999-njy ýyllarda-da şol institutyň direktorynyň orunbasary, 1999-njy ýylda Türkmenistanyň oba hojalyk ylymlar akademiýasynyň oba we suw hojalyk ylmy-barlag institutynyň bölüm müdiri, 1999-2004-nji ýyllarda oba we suw hojalyk ylmy-barlag institutynyň toprak we agrohimiýa bölüminiň baş ylmy işgäri we bölüm müdiri wezipelerinde işleýär. Ynha, şeýle jogapkärli wezipelerde işläp, talyplara, ýaş mugallymlara bilim-terbiýe berip, ol gör, näçe şägirtlere halypalyk mekdebini öwredendir?! Onuň 2001-nji ýylda kyrk ýyla ýakyn döwürde geçiren meýdan tejribesi synaglarynyň we seljermeleriniň netijesi boýunça «Türkmenistanda gowaçanyň dökünleniş ulgamy» atly uly göwrümli monografiýa kitaby çap edilip giň okyjylar köpçüligine ýetirilýär. Onuň ýazan ylmy işleriniň, monografiýalarynyň birnäçesi kitap, gollanma görnüşlerinde ýurdumyzda hem-de GDA döwletlerinde neşir edildi.
Orazmyrat aganyň durmuş hem zähmet ýoly barada maglumatlary öwrenýärkäm, halkymyzyň bol-elin durmuşda ýaşamagynda möhüm orny bolan oba hojalyk pudagy barada, bu ugurdan iş bitiren halypalar hakynda ýazmaga ilkinji gezegem bolsa synanyşyk edenime begendim. Sebäbi entek bu ugurdan ýazmandym, azda-kände başardygymdan okyjylara ýetirdim. Görnükli alym Orazmyrat Garahanow 2013-nji ýylyň 19-njy fewralynda dünýeden gaýtdy. Ýöne onuň il halkymyz üçin bitiren işleri halkymyzyň hakydasynda ýaşaýar.
Şu ýerde Orazmyrat aganyň maşgala durmuşy barada-da gysgajyk durup geçsek ýerlikli bolar diýip pikir edýän. Onuň ýanýoldaşy Gurbandursun ene 4 ogul, 2 gyz, 18 agtyk, 20 çowlugynyň hözirini görüp ýaşap ýör. Perzentleriniň her haýsy öz saýlan ugurlarynda işläp halkymyza hyzmat edýärler. Nesip bolsa, sanlyja günden Gurbandursun ene 84 ýaşy arka atýar. Döwletli maşgalanyň käbesi Gurbandursun enä mundan beýläk hem uzak-uzak ýyllar nesil dowamatyny daşyna üýşürip, toý toýlap oturmagyny arzuw edýäris.
Esasy bir zady aýdasym gelýär. Şu makalamda maglumatlaryň köpüsini Ejegyz gelnejäniň ýazan kitabyna salgylandym. Iň soňunda Orazmyrat aganyň ogly Çarymyrat Garahanow bilen düşülen foto suratyny görüp geň galdym. Başda üns bermändirin, ýogsa «46 ýyllap gözlenen surat» atly makalany doly okadym, käbir bölegini göçürip aldym. Emma pikir etmändirin. Çary aga bilen beýle içgin gatnaşmasagam, öňden tanyşlygymyz bar. Sebäbi ol öň içeri işler edarasynda işledi, pensiýadan soňra-da «Metbugat öýi» toplumynda işläp ýör. Ýazýan makalalary bilen gazet-žurnallarda yzygider çykyş edýär. Şonuň üçin geçmiş taryhymyza degişli, taryhy şahsyýetlerimiz barada sowal ýüze çyksa, oňa köplenç jaň üsti bilen ýüzlenýärin. Bilýän zatlaryny ak ýürekden düşündirýär. Asyl aňyrsy taryhda yz goýan şahsyýetlerden bolany üçindir belkäm, ol halkymyzyň geçmiş taryhyny ylmy dereje öwrenýär. Şonuň üçin Çary Garahanowyň özem ýazylmaga mynasyp. Eger onuň Orazmyrat aganyň ogludygyny başda bilen bolsam, onda men onuň özi bilen ýüzbe-ýüz söhbetdeş bolardym. Bähbit bolsun. Esasy zat halkymyz üçin iş bitiren ildeşlerimizi, Watan üçin janyny orta goýup gahrymançylykly ýol geçen gerçeklerimizi ýatladyk. Alla razy bolsun.
Akgül Saparowa.
