SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

2026: Hepdelik täleýnama ( 27-nji iýul-02-nji awgust )

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Bu hepde bolup geçýän wakalara hakyky göz bilen garamak aýratyn möhümdir. Köp Hamallar durmuşa geçirmek kyn bolan täze pikirleriň arzuwlaryň we meýilnamalaryň täsirinde bolup bilerler.Şonuň üçin her pikiri dessine amala aşyrmaga howlukmaň. Ilki bilen onuň geljegine we mümkinçiligine oňat baha beriň. Şeýle etseňiz, wagt we güýjüňizi biderek ýitirmekden saklanarsyňyz.Şeýle hem size tejribeli adamlaryň maslahatlary peýdaly bolup biler. Şeýle-de bolsa, siziň maksatlaryňyza hemmeleriň birmeňzeş düşünmejekdigini ýatdan çykarmaň. Şonuň üçin öz pikirleriňizi sabyr bilen düşündirmäge taýýar boluň.Hepdäniň ilkinji günlerinde saglygyňyza aýratyn üns beriň. Özbaşdak bejergi bilen meşgullanman zerur bolsa lukmana ýüz tutuň. Zyýanly endiklerden daşda durmak we sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek bu döwürde aýratyn ähmiýetlidir.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Bu hepde ähli işler meýilnama boýunça gitmez. Garaşylmadyk ýagdaýlar sizi täze çözgütleri gözlemäge mejbur edip biler. Käbir meselelerde tejribäňiz ýeterlik bolmasa ynamdar adamlaryň kömegine ýüz tutuň. Emma täze tanyşlaryň hemmesine doly ynanmakdan saklanyň.Kynçylyklara garamazdan bu hepde geljekki meýilnamalary düzmek we ilkinji ädimleri ätmek üçin amatlydyr. Howlukman ýagdaýy dogry seljerip hereket etseňiz, üstünlik gazanyp bilersiňiz.Esasan hem gurluşyk binagärlik bilim we lukmançylyk ugurlarynda zähmet çekýän Sowurlar üçin hepde örän şowly bolar.Iş gatnaşyklarynda dogruçyllyk we beren sözüňize wepaly bolmagyňyz size uly abraý getirer. Hyzmatdaşlaryňyz hem size şol bir ynam bilen jogap bererler.Bu hepde Sowurlaryň köpüsi öňküsinden has tertipli, jogapkärli we zähmetsöýer bolar. Täze usullary öwrenmäge bolan islegiňiz bäsdeşleriňizden öňe geçmäge kömek eder.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Hepdäniň ilkinji günleri birneme çylşyrymly bolup biler. Bir tarapdan ýerine ýetirilmeli işler köpelýär beýleki tarapdan bolsa olara doly üns bermek aňsat bolmaz. Şeýle hem iş gatnaşyklarynda düşünişmezlikler ýüze çykyp biler. Käwagt özüňizi goldaýan adamyň ýokdugyny duýmagyňyz mümkin.Şeýle ýagdaýlarda ruhdan düşmäň. Geçmişdäki ýakymsyz wakalary ýatlap möhüm kararlary kabul etmäge howlukmaň. Wagtyň geçmegi bilen ýagdaýyň gowulaşýandygyna göz ýetirersiňiz.Hepdäniň ikinji ýarymy has üstünlikli geçer. Siz ýagdaýlara has hakyky baha berip öňki ýalňyş pikirlerden saplanarsyňyz. Geljekde sizi nähili mümkinçilikleriň garaşýandygyna has aýdyň düşünersiňiz.Şu döwürde kabul edilen kararlar işde maşgala durmuşynda, söýgi gatnaşyklarynda we döredijilik işlerinde oňyn özgerişleriň başlangyjy bolup biler. Şeýle hem täze okuwlara başlamak üçin örän amatly pursatdyr. Başlan işiňizi ýarym ýolda goýmak islegi döremez gaýtam maksadyňyza ynam bilen öňe gidersiňiz.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Hepdäniň başynda käbir işleriň gijikmegi mümkin. Köp Seretanlar üçin işe doly üns bermek adatdakydan kyn bolar. Maşgala bilen bagly meseleler ýa-da ýakynlaryňyza kömek etmek zerurlygy meýilnamalaryňyzy üýtgedip biler. Şeýle ýagdaýlarda kärdeşleriňiz we ynamdar hyzmatdaşlaryňyz size goldaw bererler. Esasy zat kömegiň näme üçin gerekdigini wagtynda we anyk düşündirmekdir.
Hepdäniň ilkinji günlerinde aljak habarlaryňyza ünsli boluň. Olar geljekki meýilnamalaryňyz üçin möhüm maglumatlary berip biler. Bu döwür hukuk söwda we gündelik durmuş bilen bagly meseleler boýunça hünärmenleriň maslahatyny almak üçin amatlydyr. Uly satyn alyşlary bolsa soňrak amala aşyrmak has ýerlikli bolar.Hepdäniň ikinji ýarymy soňky döwürde kynçylyk çekýän Seretanlar üçin üstünlikli geçer. Iş bilen bagly meseleleriň köpüsi çözgüdini tapar. Şeýle hem liderlik ukybyňyz aýdyň ýüze çykar zerur bolsa goldaw hem taparsyňyz. Köpçüligiň öňünde çykyş etmek hünär çärelerine gatnaşmak we täze aragatnaşyklary ýola goýmak üçin amatly pursatdyr.Şeýle hem bu döwür syýahat etmek üçin örän amatlydyr. Täze ýerler ýakymly tanyşlyklar we gyzykly wakalar size ýatdan çykmajak täsir galdyrar.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Bu hepde ýyldyzlar sizi ähli ugurlarda goldar. Köp işlerde öňegidişlik gazanyp hünär ugruňyzda täze mümkinçilikleriň gapysy açylar. Kär basgançagynda ösüş gazanmak we girdejileri artdyrmak üçin amatly döwürdir. Täze taslamalara başlamak hem üstünlikli bolar.Hepde hukuk meselelerini çözmek, şertnamalara gol çekmek maýa goýumlary amala aşyrmak miras we maşgala emlägi bilen bagly işleri düzgünleşdirmek üçin amatlydyr. Söwda bilen meşgullanýan Esetler girdejili geleşikleri baglaşyp maddy ýagdaýlaryny ep-esli gowulandyryp bilerler.Şeýle-de bolsa hepdäniň başynda duýgy ýagdaýyňyz birneme durnuksyz bolup biler. Käbir ýagdaýlara pessimist garaýşyňyz mümkin. Emma wagtyň geçmegi bilen özüňize bolan ynamyňyz artar täze mümkinçilikleri görüp başlarsyňyz we öňe ynam bilen hereket edersiňiz. Hepdäniň ahyry sizi şatlykly netijeler bilen begendirer.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu hepde dürli wakalara baý bolar. Hepdäniň başynda käbir Sünbüleler adatdaky seresaplylygyny ýitirip duýgularyna görä hereket edip bilerler. Howlukmaç kabul edilen kararlar ýa-da üns ýetmezçiligi sebäpli ownuk ýalňyşlyklaryň ýüze çykmagy ähtimal.Muňa garamazdan ilkinji günler maliýe we iş meselelerinde üstünlik gazanmaga mümkinçilik döreder. Ýolbaşçylar bilen zähmet haky wezipe ýa-da geljekki ösüş barada gepleşik geçirmek üçin amatly pursatdyr. Döwlet edaralarynda resminamalary resmileşdirmek ýa-da dürli ýüz tutmalary tabşyrmak hem üstünlikli bolar. Ylmy-barlag işleri bilen meşgullanýan Sünbüleler aýratyn gowy netijeleri gazanarlar.Hepdäniň ortalaryndan başlap ruhy ýagdaýyňyz ep-esli gowulaşar. Özüňize bolan ynamyňyz dikelip dürli ugurlarda üstünlik gazanmak aňsatlaşar. Liderlik ukybyňyz güýçlener zerur bolsa pikirdeş topary ýygnap bilersiňiz. Täze tanyşlyklar we täsirli adamlaryň goldawy hünär taýdan ösmegiňiz üçin giň mümkinçilikleri açar.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Hepdäniň başy Mizanlar üçin birneme çylşyrymly geçip biler. Esasan hem köp işi gysga wagtda tamamlamagy meýilleşdirenler käbir garaşylmadyk kynçylyklara duçar bolarlar. Ýagdaýlara uýgunlaşmaly garaşylandan has köp jogapkärçiligi öz üstüňize almaly bolarsyňyz. Daş-töweregiňizden garaşýan goldawyňyzy almak hem aňsat bolmaz şonuň üçin köp meseläni özbaşdak çözmeli bolarsyňyz.
Kär basgançagynda öňe gitmäge çalyşýan Mizanlar üçin iş bilen bagly käbir bökdençlikler ýüze çykyp biler. Bu esasanam ýolbaşçy wezipedäkiler jemgyýetçilik işjeňligi bilen meşgullanýanlar hem-de telekeçiler üçin has aýdyň duýlar. Resminamalary taýýarlamak bilen bagly işler garaşylyşyndan köp wagt alyp biler. Zerur resminamalaryň ýa-da degişli işgärleriň ýetmezçiligi sebäpli käbir meseleler yza süýşüriler.Şeýle ýagdaýlarda diňe özüňize bagly işlere üns bermek we kanunçylyk talaplaryny berk berjaý etmek iň dogry çözgüt bolar. Sabyrly hereket etseňiz ýagdaý tiz wagtda gowulaşar.
Hepdäniň ikinji ýarymynda oňyn özgertmeler başlar. Täze usullary ulanmak we öňden tanyş meseleleri başgaça çözmäge synanyşmak üstünlik getirer. Täze tanyşlyklar peýdaly maslahatlar we täsirli adamlaryň goldawy öňüňizde täze mümkinçilikleri açar. Resminamalar bilen bagly meseleler üstünlikli çözüler hukuk dawalary hem siziň peýdaňyza tamamlanyp biler.Hepdäniň ahyrynda garaşylmadyk saparlar bolup biler. Olar birneme ýadatsa-da, ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary peşgeş berer.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Bu hepde ähli işleriňize örän jogapkärçilikli çemeleşmegiňiz zerurdyr. Hatda iň ýönekeý meseleleri çözmek hem garaşyşyňyzdan köp tagalla talap edip biler. Şonuň üçin sabyrly we oýlanyşykly hereket etmek üstünlik gazanmagyň esasy şerti bolar.Hepdäniň başynda iş gatnaşyklarynda aýratyn seresap boluň. Kärdeşleriňiz ýa-da ýolbaşçylaryňyz sizden ýerine ýetirmek kyn boljak wada alyp bilerler. Şeýle hem duşmançylykly garaýyşdaky adamlar aýdýan sözleriňizi öz bähbitleri üçin ulanmaga synanyşyp bilerler. Şonuň üçin meýilnamalaryňyzy we möhüm maglumatlaryňyzy hemmeler bilen paýlaşmaga howlukmaň.
Bu döwürde ownuk, ýöne möhüm jikme-jiklikleri ünsden düşürmek howpy ýokarydyr. Ýagdaýlara diňe umumy nukdaýnazardan seretmek ýalňyş netijelere getirip biler. Şeýle ýagdaýda başgaça pikirlenýän ynamdar adamyň maslahaty örän peýdaly bolar.Hepdäniň ikinji ýarymy has rahat geçer. Uly kynçylyklar bolmasa-da ownuk aladalar ýüze çykyp biler. Döwlet edaralary bilen bagly işlerde gijikmeler bolmagy mümkin. Resmi jogaplara garaşýan bolsaňyz olaryň garaşylandan gijräk geljekdigini nazarda tutuň.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)

Bu hepdäniň nähili geçjekdigi köp derejede öz hereketleriňize bagly bolar. Maksadyňyza ýetmek üçin tutanýerli zähmet çekseňiz üstünlik gazanarsyňyz. Emma diňe şowlulyga bil baglamak ýa-da amatly pursata garaşmak peýda bermez. Şeýle ýagdaýda möhüm mümkinçilikleri elden gidirmek howpy bar.Hepdäniň ilkinji günleri hukuk meselelerini çözmek resminamalary taýýarlamak döwlet edaralary bilen işleşmek üçin örän amatlydyr. Şeýle hem täze iş berijiler ýa-da hyzmatdaşlar bilen duşuşyklar üstünlikli geçer. Siz olar üçin oňyn täsir galdyrmagy başararsyňyz.Hepdäniň ortalarynda iş gatnaşyklarynda sabyrly boluň. Bu döwürde duýgurlygyňyz ýokarlanyp tankytlary ýa-da garşy pikirleri ýiti kabul edip bilersiňiz. Şeýle ýagdaýda gyssanman hereket etmek möhümdir. Käbir işleri wagtlaýyn yza süýşürmek olary güýç bilen tamamlamaga synanyşmakdan has netijeli bolar. Hepdäniň ahyryna golaý ýyldyzlaryň goldawy has-da güýçlener. Soňky günler batyrgaý meýilnamalaryňyzy durmuşa geçirmek üçin täze mümkinçilikleri açar. Siz ynamly çalt we aýgytly hereket edip köp ugurda üstünlik gazanarsyňyz.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01

Bu hepde köp zat siziň özüňize bagly bolar. Pikiriňizde işleriňizde daş-töweregiňizdäkiler bilen gatnaşyklaryňyzda we öýüňizde tertip-düzgüni ýola goýsaňyz öňüňizden çykjak meseleleri ýeňip geçmek has aňsat bolar. Esasy ünsüňizi diňe öz täsir edip bilýän işleriňize gönükdiriň galan ýagdaýlara bolsa sabyr bilen çemeleşiň.

Köne tanyşlaryňyzyň berjek maslahatlaryna üns bermek peýdaly bolar. Olar öň görmedik mümkinçilikleriňizi açyp bilerler. Emma täze tanyş adamlaryň her bir maslahatyna ynanmakdan saklanyň. Käbirleri sizi nädogry ýola gönükdirmäge synanyşyp biler. Şeýle ýagdaýlarda öz paýhasyňyza we tejribäňize daýanyň.Iş bilen bagly meselelerde howlukmaçlykdan we esassyz töwekgelçilikden gaça duruň. Mümkin boldugyça düzgünleri we görkezmeleri berjaý ediň. Bu hepde meýilnamadan daşlaşmak ýa-da özbaşdak synag geçirmek garaşylan netijäni bermän biler.Hepdäniň ikinji ýarymynda ýagdaýlar ep-esli gowulaşar. Möhüm işleriňizi mümkin bolsa şol döwre goýuň. Ýyldyzlaryň goldawy güýçlenip, öňüňizde täze mümkinçilikler açylar.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )

Hepdäniň ilkinji günleri örän üstünlikli bolar. Çylşyrymly meseleleri çözmek möhüm işleri ýerine ýetirmek we täze başlangyçlara badalga bermek üçin amatly döwürdir. Siz kyn ýagdaýlaryň çözgüdini çalt tapyp netijeli hereket edip bilersiňiz.Söwda we telekeçilik bilen meşgullanýan Daluwlar girdejili geleşikleri baglaşmaga mümkinçilik alarlar. Şeýle hem täze iş açmaga taýýarlanýanlar üçin amatly şertler döreýär. Resminamalary taýýarlamak ilkinji şertnamalary baglaşmak ýaly işler bökdençsiz amala aşyrylar.Hepdäniň ikinji ýarymy birneme çylşyrymly geçse-de kär derejesini ýokarlandyrmak ýa-da täze iş gözleýänler üçin täze mümkinçilikleri döreder. Hünär çärelerine işjeň gatnaşmakdan çekinmäň. Täze pikirleriňizi açyk beýan ediň. Hut şol pikirler täsirli adamlaryň ünsüni çekip size täze hyzmatdaşlary ýa-da iş mümkinçiliklerini getirip biler.Köpçülikleýin dynç alyş ýa-da güýmenje çärelerinde özüňizi aşa görkezmäge synanyşmaň. Esasanam nätanyş adamlaryň arasynda sada we paýhasly bolmak size has köp peýda getirer. Şeýle hereket etmek hem güýjüňizi tygşytlamaga hem-de hakykatdanam gymmatly adamlary saýlamaga kömek eder.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bu hepde oňyn wakalar agdyklyk eder. Çynlakaý aladalanmaga esas bolmaz. Käbir köne meseleler wagtal-wagtal ýatlatsa-da siz olaryň netijeli çözgüdini tapmagy başararsyňyz.Hepdäniň ilkinji günleri döredijilik bilen meşgullanýan Hutlar üçin aýratyn şowly bolar. Şeýle hem ähli işe döredijilikli çemeleşýänler üstünlik gazanarlar. Täze usullary synap görmekden gorkmaň ýyldyzlar sizi goldar.
Peýdaly tanyşlyklar we täze iş gatnaşyklary döräp biler. Şeýle duşuşyklar geljekde özüňizi görkezmek we täze mümkinçilikleri gazanmak üçin berk binýat döreder.Hepdäniň ortalary iş meseleleri üçin amatly bolsa-da duýgy taýdan birneme dartgynly bolup biler. Käbir Hutlar öz içki duýgularyna düşünmek üçin wagt sarp etmeli bolarlar. Şol sebäpli möhüm kararlary howlukman kabul etmek maslahat berilýär.
Bu döwürde duýgularyň täsirinde hereket etmek ähtimal. Şeýle-de bolsa goýberilen ownuk ýalňyşlyklar uzak möhletli kynçylyklary döretmez. Esasy zat öz durmuşyňyzy we ýakynlaryňyzyň rahatlygyny gereksiz aladalar bilen kynlaşdyrmazlykdyr. Şeýle çemeleşseňiz hepde şatlykly we üstünlikli tamamlanar.

Related posts

11-nji ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

13-nji Fewral ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

22-nji noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama