JEMGYÝET

«Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy aýratyn we wajyp ýolagçylara hyzmat etmegiň tertibini täzeledi

«Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň başlygy tarapyndan 2026-njy ýylyň 29-njy iýunynda gol çekilen buýruk bilen aýratyn wajyp ýolagçylaryň hem-de wajyp ýolagçylaryň zallaryndan geçmegiň tertibine birnäçe üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Resminama 2026-njy ýylyň 21-nji iýulynda Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 1958 belgisi bilen döwlet belligine alyndy.

Täze düzgünler 2022-nji ýylda tassyklanan degişli tertibi döwrebaplaşdyrmagy göz öňünde tutýar. Resminamada «Türkmenhowaýollary» agentligi» baradaky adalgalar «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy diýen täze at bilen çalşyryldy we gullugyň täze dolandyryş gurluşyna laýyklaşdyryldy.

Girizilen üýtgetmeleriň çäklerinde aýratyn wajyp ýolagçy derejesine eýe bolan we ýörite zallardan peýdalanmaga hukukly adamlaryň sanawy täzelendi. Sanawa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy hem-de onuň Orunbasary bilen bagly täze düzgünler girizildi.

Şeýle hem goşundylarda döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we ýolbaşçy orunbasarlarynyň sanawy täzeden işlenip düzüldi. Täze redaksiýada Türkmenistanyň awtomobil ýollary ministri, Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri, Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministri, Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri hem-de «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň, şeýle-de Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň ýolbaşçylary we olaryň orunbasarlary boýunça kadalar anyklaşdyryldy.

Mundan başga-da, resminamada Arkadag şäheri bilen bagly degişli goşmaçalar girizildi, döwlet edaralarynyň täze atlaryna laýyklykda birnäçe kadalaşdyryjy söz düzümleri täzelendi we öňki dolandyryş gurluşyna degişli adalgalar aýryldy.

Buýrugyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň başlygynyň degişli orunbasaryna ýüklenildi. Girizilen üýtgetmeler howa ulagynda ýokary derejeli ýolagçylara hyzmat etmegiň kadalaryny häzirki dolandyryş ulgamyna laýyk getirmäge gönükdirildi.

Related posts

GFR-nyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen hoşlaşyk

vepa

Kabul et, köňül kelamym!

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniň esaslandyryjysy Atatürk Aşgabatda ýatlandy