Futbolçy hökmünde dünýä çempiony we baş tälimçi hökmünde Çempionlar ligasynyň üç gezekki ýeňijisi Zinedin Zidan Fransiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy. Bu barada žurnalistlere Fransiýanyň Futbol federasiýasynyň prezidenti Filipp Diallo habar berdi.
Şertnama 2030-njy ýylyň dünýä çempionatynyň tamamlanmagyna çenli göz öňünde tutulandyr.
Bu wezipede Zidan 14 ýylyň dowamynda milli ýygynda ýolbaşçylyk eden Didýe Deşamyň ornuny tutdy. Onuň ýolbaşçylygynda Fransiýanyň milli ýygyndysy dünýä çempiony boldy(2018), Dünýä (2022) we Ýewropa (2016) çempionatlarynda kümüş baýragy eýeledi, şeýle hem Milletler ligasynda ýeňiş gazandy (2021).
Zidan 54 ýaşynda, hünärmeniň iň soňky işlän ýeri Ispaniýanyň “Real” klubydyr, ol bu topara 2019 — 2021-nji ýyllar aralygynda, şeýle hem 2016 — 2018-nji ýyllarda tälimçilik etdi. Onuň ýolbaşçylygynda madridliler üç gezek Çempionlar ligasyny, iki gezekden Ispaniýanyň çempionatyny we Superkubogyny gazandylar.
Oýunçylyk karýerasynda Zidan Fransiýanyň “Kann”, “Bordo”, Italiýanyň “Ýuwentus” we “Real” klublarynda çykyş etdi. “Real” bilen ol 2003-nji ýylda Ispaniýanyň çempiony boldy, 2002-nji ýylda bolsa Germaniýanyň “Baýer” toparyna garşy Çempionlar ligasynyň finalynda ýeňiş topuny geçirdi (2:1). “Ýuwentus” bilen bilelikde ol iki gezek Italiýanyň çempiony boldy.
Fransiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Zidan 108 oýun geçirip, 31 gol geçirdi we 29 pas berdi, Dünýä çempionatynyň çempiony (1998) we kümüş baýragynyň eýesidir (2006), şeýle hem Ýewropanyň çempiony (2000) boldy.
