DÜNÝÄ

«Ojar Aziýa» bilen «koreý kompaniýasynyň arasynda ähtnama gol çekildi

2026-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda Seul şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň hem-de «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» işewürlik maslahatynyň çäklerinde «Ojar Aziýa» hususy kärhanasy bilen «S&T System Inc.» koreý kompaniýasynyň arasynda ýol infrastrukturasy, howpsuzlyk ulgamlary we ulag infrastrukturasyny dolandyrmak ugrunda hyzmatdaşlyk etmek barada Ähtnama gol çekildi.

Ähtnamanyň gol çekilmegi türkmen-koreý işewürlik hyzmatdaşlygynyň amaly netijesi bolup, iki ýurduň kompaniýalarynyň arasynda döwrebap çözgütleri ornaşdyrmak we uzak möhletli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Related posts

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa iş sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň ýolbaşçylaryny Bara baýramy bilen gutlady

Kamu Kurumlarının Geçidi Nefes Kesti

vepa