Mälim bolşy ýaly, her ýylyň 9-njy sentýabrynda dünýä belli “Apple” kompaniýasynyň özüniň meşhur “iPhone” kysymly smartfonlarynyň täze görnüşlerini tanyşdyrýar. Üstümizdäki ýylda bolsa, “iPhone” kysymly smartfonlaryň bükülýän ilkinji “iPhone Duo” smartfonyny hödürledi.
Bükülýän smartfonlar häzirki wagtda ykjam tehnologiýa dünýäsiniň iň uly we iň çalt ösýän ugurlarynyň biridir. Bu enjamlar ulanyjylara adaty smartfon ölçeglerinde göterip, zerur bolanda ulaldyp, planşet hökmünde ulanmaga mümkinçilik berýär.
“Apple” kompaniýasy Kupertinoda geçirilen “Surprise and Shine” tanyşdyrylyş dabarasynda özüniň bükülýän ilkinji “iPhone Duo” smartfonyny hödürledi. Bahasy 1999 dollardan başlanýan täze model 23-nji oktýabrda satyşa çykar.
Bükülýän enjam “Apple” smartfonlarynyň arasynda iň uly displeýe we rekord derejede inçe korpusa eýe boldy. Enjam ekranyň meýdanyny iki essä artdyryp, “pasport ýaly” açylýar. Apple kompaniýasynyň täze baş direktory Jon Ternusyň bellemegine görä, täze model “”iPhone” ulanyjylar üçin köp sanly möhüm maglumatlary saklamaga mümkinçilik döreder.
50%-e çenli zarýad almak takmynan 20 minut alýar. Korpus titandan we keramiki süýümlerden taýýarlanylan, yzky we öňki paneller bolsa täze nesliň “Ceramic Shield” korpus goragy bilen goralan. Model iki reňkde — “Star White” (“ýyldyzly ak”) we “Night Sky” (“gije asmany”) görnüşinde elýeterli bolar.
Şol bir wagtyň özünde kompaniýa bahalary degişlilikde 1199 dan başlanýan täzelenen “iPhone 18 Pro” we “18 Pro Max” modellerini hödürledi. “Apple” bu telefonlaryň awtonom iş wagtynyň ep-esli artandygyny mälim etdi: “iPhone 18 Pro Max” 45 sagada çenli, “iPhone 18 Pro” bolsa 36 sagada çenli işläp bilýär.
Smartfonlardan başga-da, kompaniýa “AirPods” we “Apple Watch” tapgyrlaryny täzeledi. “AirPods”-yň bäşinji nesli gowulandyrylan ses basyp ýatyrşy (öňki görnüşinden 50% has netijeli) we bäş sagat awtonom iş wagtyny aldy.
Täze “Apple Watch Series 12” we “Ultra 4 “modelleri saglyk ýagdaýyny derňeýän hem-de soňy bilen “Siri Recap” formatynda synlamak üçin gysga gürrüňdeşlik böleklerini ýazyp almaga we tekst görnüşine geçirmäge mümkinçilik berýän “Health Age” we “Audio intelligence” funksiýalary bilen üpjün edildi.
Tanyşdyrylyş çäresi 1-nji sentýabrda Tim Kukunyň ornuny tutan Ternusyň baş direktor (CEO) wezipesindäki ilkinji köpçülikleýin çykyşy boldy. Mundan öň ol kompaniýanyň enjamlaýyn inženeri boýunça wise-prezidenti wezipesini eýeleýärdi.
