TEHNOLOGIÝA

“Samsung Galaxy S22” we hereketli kamera

“Samsung” şereketi öňümizdäki ýylda “Samsung Galaxy S22” telefon seriýasyny tanyşdyrmaga taýýarlanýar.

“Samsung” şereketi ýaňy-ýakynda hereketli kamera sensorlaryna eýe bolan täze “Galaxy” telefonlaryny öndürmek üçin patent aldy. Biz bu tehnologiýany ilkinji gezek “Sony Xperia” modellerinde görüpdik. Bu tehnologiýa netijesinde biz düşüren suratlarymyzyň hilini has-da gowulandyryp bilýäris.

Hereketli kameranyň has kämilleşen görnüşiniň “Samsung Galaxy S22” telefon seriýasynda bolmagyna garaşylýar. Bu üýtgeşik kamera tehnologiýasynyň durmuşymyza girmegi netijesinde mobil suratkeşlikde täze döwrüň başlamagyna garaşýarys.

Maksat  TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby.

 

“Apple Car” üçin ýene bir ädim

 

 

Related posts

«OnePlus 8» akylly telefonlary 14-nji aprelde satuwa çykarylar

“Twitter” jemgyýetçilik torunyň täze ýolbaşçysy

Excalibur-dan täze 34″ monitor

Ata Watan Eserleri